Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sünni gaharynyň sebäpleri näme?


Türkmen meýletinçileri Kerkukda YYDL jeňçilerine garşy söweşýär.

Türkmen meýletinçileri Kerkukda YYDL jeňçilerine garşy söweşýär.

Sünni gozgalaňçylary demirgazyk Yrakda bir topar ýeri ele geçirmek bilen, Yragyň sünni jemgyýetçiliginiň içinde çuň ornaşan öýke-kinelerden peýdalanyp, ýerli ilatyň goldawyny gazanmaga bil baglaýarlar. Eýsem ol öýke-kineler näme we bular häzirki krizise nähili itergi berdi?

Sünni gozgalaňçylary demirgazyk Yragyň bir topar ýerini ele geçirmek bilen, özlerini ýurduň sünni ilatyny azat edijiniň rolunda görkezip, goldaw aljak boldular.

Olaryň 6-njy we 9-njy iýun aralygynda, Mosuldaky yrak goşunyny kowup çykaranlaryndan soň ilkinji eden zady şäheriň türmeleriniň gapysyny açmak boldy.

Bu simwolizm örän güýçli boldy: gozgalaňyçylar boşadylan tussaglaryň ählisiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky repressiw hökümetiň pidalarydygyny, ýagny şäheriň ýanalan sünni köplüginiň agzalarydygyny aýtdylar.

Gozgalaňçylar, garym-gatym jihadçylar, yslamçy toparlar, Saddam Hüseýiniň Baas partiýasynyň gaýtadan janlanýan galyndylary, käbir tire toparlary, şunuň ýaly hereketler bilen, ýurduň sünni jemgyýetçiliginiň içinde çuň ornaşan öýke-kinelerden peýdalanyp, hal içinde giň goldaw tapmaga synanýarlar.

Şol öýke-kineleriň käbiri şu aşakdakylardan ybarat we olar şu günki krizisiň emele gelmegine ýardam etdi:

Terrora garşy kanun

Gozgalaňçylaryň Mosul türmesindäki tussaglary azat etmekleriniň kuwwaty sünnileriň arasynda giň ýaýran bir ynanja bagly: olar terrora garşy çykarylan jedelli kanun esasynda öz jemagatlarynyň yzygiderli howpsuzlyk arassalaýyşyna sezewar edilmeginden nägile bolýarlar.

Terrora garşy kanun 2005-nji ýylda, Birleşen Ştatlaryň okupasiýasynyň ilkinji ýyllarynda, saýlanmadyk parlament tarapyndan kabul edildi. Şol wagt Yrakda gyrakladylan perzident Saddam Hüseýine ygrarly adamlaryň we yslamçy toparlaryň sünnilere daýanýan pitneçiligi möwjäp galypdy.

Bu kanun hiç wagt ýatyrylmady we sünniler onuň öz jemgyýetlerini gözegçilikde saklamak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

2013-nji ýylyň ýanwarynda müňlerçe sünni Bagdadyň köçelerinde we beýleki ýerlerde ýöriş geçirip, her ýylda ýüzläp bigünä adamyň hut şu kanun esasynda ýyllap, sud edilmezden türmede saklanmagyna protest bildirdi.

Baassyzlaşdyrmak

Bassyzlaşdyrmak, ýagny Saddam Hüseýiniň Baas partiýasyndan saplanmak sünnileriň nägile bolýan ýene bir kanunynyň näresmi ady. Bu kanunyň resmi ady «Adalat we jogapkärçilik kanuny» bolup, olar onuň özlerini bikanun nyşana almak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Gyrakladylan Baas partiýasynyň uly agzalarynyň jogapkärçilikli hökümet wezipelerine bellenmeginiň gadagan edilmegi Birleşen Ştatlaryň 2003-nji ýylda Yraga goşun salan wagtyndan uç alýar we bu gadaganlyk Yragyň Konstitusiýasyna hem girizildi.

Bu kanuna 2008-nji ýylda düzediş girizildi we häzir garaşsyz Ýokary milli komissiýa Bassyzlaşdyrmagy dowam etdirmäge ygtyýar berilýär , ýöne bu kanun öz işinden gyrakladylan adamlara şikaýat etmek hukugyny hem kepillendirýär.

Sünniler bu kanunyň umuman sünnileri hökümet işlerinden çetleşdirmekde ulanylýandygyny aýdýarlar. Yrak hökümeti bu aýdylýanlar bilen ylalaşmaýar.

Bassyzlaşdyrma prosesi, hökümetiň jemgyýetçilik wezipelerini şaýylaryň dini partiýalarynyň adamlaryndan doldurmagy baradaky şikaýatlar bilen bilelikde, 2013-nji ýyldaky sünni protestleriniň ýene bir sebäbi bolupdy.

Sünni syýasatçylarynyň tussag edilmegi

Sünniler öz jemagatlarynyň wekilleriniň premýer-ministr Nury al-Malikiniň şaýylaryň agalygyndaky hökümeti tarapyndan syýasy taýdan çetleşdirilýändigini öňe sürýärler.

Olar 2011-nji ýylyň dekabrynda, Birleşen Ştatlaryň iň soňky esgerleri Yrakdan çykanyndan bir gün soň, Maliki sünni wise-premýer Tarik al-Haşemini terrora garşy kanun esasynda tussag etjek bolanda hem gazaba münüpdiler.

Protestleriň basylmagy

Sünnileriň Malikiniň hökümetine bolan gahar-gazaby 2013-nji ýylda, sünnileriň ýaşaýan esasy şäherleriniň köpüsinde protest lagerleriniň gurulmagy bilen, dowamly protestlere ýazdy. Ilki hökümetdäki korrupsiýa we gowuşgynsyz hyzmatlara gönükdirilen protestler başda şaýylaryň ýaşaýan ýerleriniň hem käbirinde goldaw tapdy.

Emma hökümetiň 2013-nji ýylyň aprelinde, demirgazykdaky Kerkuk welýatynyň al-Hawijah protest lagerine geçiren reýdi protest hereketini sünni jeňçileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky haklaşyk meýdanyna öwürdi. Protestçiler yrak esgerini öldürmekde güman edilýän adamy hökümete tabşyrmakdan ýüz öwrenlerinden soň geçirilen reýdde 38 adam öldürildi.

2013-nji ýylyň dekabrynda, howpsuzlyk güýçleri günbatardaky Anbar welaýatynyň Ramadi şäheriniň golaýyndaky protest lagerine reýd geçirende hem ganly çaknyşyklar boldy.

Bu söweşde azyndan 14 adam öldürildi we soňy bilen sünni gozgalaňçylary Ramadiniň käbir böleklerini we tutuş Fallujany ele geçirdiler.
XS
SM
MD
LG