Sepleriň elýeterliligi

Satuwda türkmen eseri az


Kitap dükanlarynda täze çap edilen türkmen çeper eserleri juda az.

Kitap dükanlarynda täze çap edilen türkmen çeper eserleri juda az.

Paýtagt Aşgabatda Türkmen döwlet neşirýaty gullugynyň neşir eden önümlerini halka hödürleýän döwlete degişli 3-4 sany ýöriteleşdirilen kitap dükany bar. Olaryň arasynda dürli kitaplara iň baýynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň golaýyndaky “Türkmenkitap” birleşiginiň №3 kitap dükanydygyny aýtsa bolar.

Emma bu “assortiment baýlygyny” dürli sözlükler, sowet döwründe we Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýogsa-da daşary ýurtlarda neşir edilen hem-de bukinistik diýlip at berilýän rus we türkmen dillerindäki kitaplar düzýär.

“Türkmenkitap” birleşiginiň N3 kitap dükany

“Türkmenkitap” birleşiginiň N3 kitap dükany

Dükanda ýurduň içinde neşir edilen täze kitaplaryň sany az. Täze kitaplaryň ählisiniň diýen ýaly neşir edilen senesi 2010-13-nji ýyllar. Eger şu ýyl çap edilen Magtymgulynyň saýlanan şygyrlary we onuň döredijiligine degişli kitaplar diýäýmeseň, onda galanlary bir-iki ýyl mundan ozal neşir edilen kitaplar.

Kitap dükanlarynda täze çap edilen çeper eserler juda az. Çeper eserler diýip bolaýjak kitaplaryň arasynda Osman Ödäýewiň “Altynjan Hatyn” taryhy romany, Agageldi Allanazarowyň “Ojak”, A.Atabeýewiň “Döwletli döwran” goşgular we poemalar ýygyndylary hem-de Gözel Şagulyýewanyň “Ak gülleriň - ak ýolum” we “Dünýäň özem gözellige aşykdyr” ýygyndylary göze dürtülýär. Bu ýerde prezident Berdimuhamedowyň Magtymguly baradaky aýdan sözleriniň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ýygyndysy hem bar.

Öňki “Miras” merkeziniň orta asyr golýazmalarynyň terjimesi esasynda neşir eden kitaplaryny hem soňky ýyllarda çap edilen belli kitaplaryň hataryna girizse boljak.

Dükanda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri aýratyn ýerde ýerleşdirilip, olaryň birnäçe ekzemplýarlary tekjelerde düzülip goýlupdyr. Kitap dükanynyň satyjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu kitaplary, esasan, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarydyr býujet edaralarynyň işgärleri satyn alýarlar.

Dükanyň bukinsitik bölümi has baý görünýär.

Dükanyň bukinsitik bölümi has baý görünýär.

Dükanyň daşary ýurtlarda neşir edilen kitaplary satylýan bölümi özüniň has baý mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu ýerde dürli sözlükler, ensiklopediýalar, Gumilýew ýaly belli alymlaryň ylmy eserleri goýlupdyr. Bu bölümde esasan daşary ýurt dilindäki okuw kitaplarydyr sözlükleri agdyklyk edýär.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, dükanyň bukinsitik, ýagny köne kitaplary satýan bölümi-de ýurtda neşir edilen täze kitaplary satýan bölüminden has baý görünýär. Berdi Kerbabaýewiň käbir kitaplary, Beki Seýtäkowyň eserlerini bu bölümden tapsa bolýar. Şeýle-de sowet döwründe neşir edilen rus dilindäki bir tomluk Sowet ensiklopediýasy, rus edebiýatynyň wekilleriniň doly eserler ýygyndysy bu bölümiň tekjelerini bezeýär.

Bu dükandaky ýagdaý döwlete degişli beýleki kitap dükanlarynda hem gaýtalanýar diýse bolar. Garaz, ýurtdaky kitap dükanlary häzirki wagtda köplenç daşary ýurtlarda neşir edilen ýa-da bukinistik kitaplary satýarlar.

Berilýän resmi maglumata görä, Türkmenistanda şu ýylyň bäş aýynyň hasabyna jemi 139 görnüşli kitap önümi neşir edilip, olaryň 60-a golaýy-da okuw kitaplary we gollanmalardyr.
XS
SM
MD
LG