Sepleriň elýeterliligi

​Harkiwiň lideri Poroşenkony goldaýar


Ukrainanyň gündogaryndaky Harkiw regionynyň häkimi Ilhor Baluta prezident Petro Poroşenko tarapyndan orta atylan parahatçylyk planyna hormat goýmaklary üçin sebitiň ýaşaýjylaryna çagyryş etdi.

22-nji iýunda Harkiw şäherinde Ukraina tarapdary we separatistleriň tarapdary aktiwistleriň arasynda çaknyşyklar bolandan bir gün soň, Baluta gürrüňi gidýän regionyň ýaşaýjylaryna konfliktlerden gaça durmaklary üçin çagyryş etdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we onuň germaniýaly kärdeşi Frank Wolter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) Ukrainadaky ýagdaýlary 22-nji iýunda telefon arkaly maslahat etdiler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 22-nji iýunda eden çykyşynda ok atyşygy bes etmek barada Poroşenkonyň çagyryşyny goldaýandygyny, ýöne garşydaş taraplar bilen gepleşikler ara goýulmasa, çaknyşyklaryň bes edilmeginiň manysyzdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG