Sepleriň elýeterliligi

Medeniýet: ümzük öňemi ýa yza?


Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlandy. Türkmen döwlet habarlar gullugy bu hepdeligiň çärelerine 18 ýurduň döredijilik wekilleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşýandygyny habar berýär.

Bu forumyň çäginde sungat eserleriniň bilelikde guralan halkara sergileri, türkmen we daşary ýurt bagşy-sazandalarynyň gatnaşmagynda guralan konsertler, teatr premýeralary görkeziler, täze çykarylan şygyr we kyssa kitaplary bilen tanyşdyrylar, poeziýa agşamy we Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan beýleki çäreler bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýär.

Eýsem Türkmenistanda häzir medeniýet, sungat, edebiýat nähili ýagdaýda?

Sowet ýyllarynda türkmen medeniýetiniň hemme taraplaýyn - kino, teatr, aýdym-saz, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk sungaty, edebiýat, terjime we beýleki ugurlar boýunça, ideologiki çäklendirmelere garamazdan, belli bir derejede ösendigi aýdylýar.

Türkmen medeniýeti garaşsyzlyk ýyllarynda nähili ösüş belentliklerine göterildi? Umuman siz şu günki türkmen medeniýeti, onuň derejesi barada näme pikir edýärsiňiz? Ýagny siz türkmen medeniýetiniň nähili üstünliklerine begenýärsiňiz we nähili kemçiliklerine gynanýarsyňyz?

Siziňçe, türkmen medeniýetiniň şu günki derejesi kanagatlanarlymy ýa-da ony ösdürmek üçin gyssagly çäreleriň görülmegi gerekmi? Eger şeýle bolsa, siziňçe, türkmen medeniýetini ösdürmek üçin ilkinji nobatda nähili işleri etmeli?

Bu barada pikirleriňizi, bellikleriňizi we arzuwlaryňyzy ýazsaňyz, söhbete goşulsaňyz, sizden örän hoşal bolarys.
XS
SM
MD
LG