Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak intelligensiýasynyň ýadygärligi ýumruldy


Gazagystanyň iki sany intelligensiýa wekiline bagyşlanan ýadygärlik Oskemen şäherinde köpçülige görkezilmeginiň ertesi ýok edildi.

Şäheriň resmileri ýadygärligiň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň saparynyň öňüsyrasynda 24-nji iýunda ýok edilmeginiň tehniki sebäpler, şeýle-de ýadygärligiň keşbine degişli käbir kemçilikler bilen baglydygyny adýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar ýadygärligi ýaňsyladylar we meşhur gazak şahyry we filosofy Abai Kunanbaýewiň we meşhur rus alymy Ýewgeniý Mihaelisiň heýkelleriniň kämilsiz hem betnyşandygyny aýtdylar.

Mihaelis regionda onlarça ýyllap ýaşapdy we Oskemende 1913-nji ýylda ýogalypdy. Kunanbaýew 1904 ýylda ýogalypdy.

Oskemendäki ýadygärlik skulptorlar Wladimir Samoilow we Ýewgeniý Nepýanow tarapyndan döredildi. Olar dörän gapma-garşylyklary kommentirlemedi.

XS
SM
MD
LG