Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW Bakuwa basyş etmäge çagyrýar


Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasy Ýewropa Geňeşine we onuň Parlament Assambleýasyna çagyryş edip, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewi ýurtda hökümetiň tankytçylarynyň jezalandyrylmagyny bes etmäge ündemegi talap etdi.

23-nji iýunda ýaýradan beýannamasynda HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hugh Williamson guramanyň standartlaryny depeleýän Azerbaýjanyň Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetine ýolbaşçylyk etmeginiň ýaňsyly ýagdaý döredýändigini aýtdy.

Baku Geňeşiň karar çykary organy bolan komitete alty aýlyk ýolbaşçylygy 14-nji maýda öz üstüne aldy.

23-nji iýunda Azerbaýjanda özlerini syýasy tussaglar diýip hasap edýän 100-den gowrak öňki tussag Parlament Assambleýasyna çagyryş edip, Azerbaýjanyň türmelerinde galýan syýasy tussaglary boşatmak üçin öz tagallalaryny güýçlendirmegi talap etdi.

Syýasy basyşlary ret edýän Ylham Aliýewiň 24-nji iýunda Strasburgda Parlament Assambleýasynda çykyş etmegi planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG