Sepleriň elýeterliligi

"Türkmen sazynyň ýagdaýyna gynandym"


Myrad Annamämedow (ortada) orkestri bilen.

Myrad Annamämedow (ortada) orkestri bilen.

Türkmenistanda milli aýdym-saz sungatynyň gadymy taryhy bar, klassiky saz sungatynyň-da öz taryhy bar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda klassiky saz sungatynyň tejribeleri, sazçylyk mekdebi barada gürrüň bermegini sorap, türkmen sazandasy, dirižyory Orsýetiň Ýaroslawl şäheriniň simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy, Myrat Annamämedowa ýüzlendi.

Orsýetiň halk artisti, 1980-nji ýyllarda Türkmenistanyň simfoniki döwlet orkestrine ýolbaşçylyk eden 59 ýaşly Myrad Annamämedow sungat we sungat işgärleri barada kitaplaryň awtorydyr. Myrat Annamämedowyň ejesi meşhur sazanda we pedagog, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Gözel Annamämedowa birinji türkmen pianistkasydy. Käbir maglumatlara görä, Mokwadaky WDNH sergi merkezinde duran meşhur “Dostluk” fontanynda şekillendirilen türkmen gyzynyň heýkeli hut Gözel Annamämedowanyň obrazyndan döredilipdir.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda sowet döwründe klassyky saz mekdebi boldy diýmek bolarmy we ol häzir barmy?

Myrad Annamämedow

Myrad Annamämedow

Myrat Annamämmedow: Türkmen sazy barada aýdylanda, bu ýerde türkmen saz mekdebi boldy, boljagyna ynanasym gelýär, hudaý halasa, ýene-de boljagyny aýdyp bileris diýse bolar. Men muny diňe türkmen bolandygym ýa-da türkmen sazyny bilýändigim we türkmen sazandalaryny tanaýandygym üçin aýtmaýaryn. Men bu aýdan zadymy düşündirmäge taýýar.

Birinjiden, islendik bir halkda we milletde bolşy ýaly, türkmen halkynyň arasynda hem talantly adamlar az bolmady, belki-de köp boldy. Bu öz-özünden düşnükli. Ykbalyň emri bilen, şol talantly türkmenler, öz yhlaslary we emele gelen ýagdaý esasynda, ajaýyp bilim almagy başardylar. Sowet döwründe düzgün bolşy ýaly, olar esasan rus şäherlerinde, Moskwada, Leningradda, türkmeniň iň bir talantly, iň bir yhlasly ogul-gyzlarynyň okan ýerlerinde okadylar. Eger olaryň atlaryny tutmaly bolsa, kompozitorlardan, geniý hasaplaýan adamlarym Weli Muhadowy, Daňatar Öwezowy we Nury Halmämmedowy agzap biljek. Bularyň hersiniň öz ykbaly, öz terjimehaly, öz bilim gory we öz döredijilik üstünlikleri boldy.

Mysal üçin, Weli Muhadow Moskwa konserwatoriýasynda okaýan wagty şol döwrüň uly döwlet baýragyna mynasyp boldy, Daňator Öwezow türkmen sazynyň açyşy boldy, onuň döredijiligi, onuň düýp özeni türkmen özeni bolup durýar diýse-de bolar. Nury Halmämmedow barada aýdylanda, bu täsin bir talant boldy, onuň eserlerine aňrybaş derejede tebigylyk, aňrybaş hakykatçyllyk mahsus. Ol sowet sazandasyna mahsus bolan konýunkturadan gaty daş adamdy, ol döredijilik üçin, halk üçin, diňleýjileriň kalbyna aralaşmak üçin işledi.

Häzir aramyzda ýaşap ýörenler barada aýtmaly bolsa, meniň üçin Türkmenistanda ilkinji kompozitor Rejep Rejebow bolup durýar. Başga-da talantly kompozitorlar bar. Olardan Daňtar Hydyrowy agzamak bolar. Ýerine ýetirijilerden uly talant, uly drižer Hydyr Allanurowy, öz tebigylygy, ýerine ýetirijilik we wokal aýratynlyklary bilen haýran edýän Maýa Kulyýewany agzap belerin. Şeýle-de drižerlar Orazgeldi Berdiýewi, Aşyr Hojatowy agzamak bolar. Maýa Kulyýewadan soň Maýa Şahberidiýewany, Hoja Annadurdyýewi, Hoja Annaýewi, Aýdogdy Gurbanowy agzap bolar.

Bular ajaýyp aýdymçylar, emma bu günki gün olar belli bir ýaşa bardylar. Men türkmen sazynyň göwherlerinden biri hökmünde Roza Töräýewany hem agzamak isleýärin. Şeýle-de men Türkmenistandan giden Batyr Alyýewi agzardym.

Myrad Annamämedow dirižerlyk edýär

Myrad Annamämedow dirižerlyk edýär

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, türkmen sazynyň aýratynlygy, özboluşlylygy nämeden ybarat?

Myrat Annamämmedow: Bu örän inçe sorag üçin sag boluň. Tassyklaýaryn, gep nämede, hawa, klassyky, ýewropa ýa-da häzirki zaman dünýä düşünjesinde türkmen sazy sowet döwründe kämilleşdi, emma biz häzirki zaman türkmen klassyky sazynyň türkmen halk, milli sazlarynyň däplerinden gaýdýandygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Men munuň çyplak türkmen watançylygy bolup görünmezligi üçin käbir delilleri getireýin.

Türkmen saz heňi, bir tarapdan, iň wertioz heň bolsa, ikinji tarapdan, uly Aziýada iň bir inçe, nepis saz heňi bolup durýar. Maňa mälim bolan aziýa saz heňleriniň içinde, ýerine ýetirijilik babatynda, belki-de Gazagystanyň sazandalary türkmen sazandalary bilen bäsleşip biler. Türkmen sazy ritm dürlüligi bilen tapawutlanýar, türkmen halk sazynyň döredýän heňleri hiç bir matematiki, algebra hasaplamalaryna, ýokary matematiki algorizmlerine sygmaýar. Bu aňrybaş derejede özboluşly döredijilik. Ýene bir ýagdaý, türkmen sazy nepis lirizme ýugrulan.

Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Annageldi Jülgäýew ýaly beýikler, meniň beýleki agzan adamlarymyň hemmesi öz döredijiliginde, öz alan biliminde, aýdaly rus, sowet, Moskwa, Leningrad bilimi bolsun, şübhesiz ýagdaýda, öz akademiki bilimleri bilen bir hatarda biziň beýik, gadymy we çuň türkmen saz däplerimize daýandy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen klassyky sazynyň doglan we gülläp ösen döwri diýip haýsy döwre aýdyp bolar?

Myrat Annamämmedow: Geçen asyryň 30-njy, 40-njy we 50-nji ýyllary türkmen saz pikiriniň, türkmen ýerine ýetirijilik medeniýetiniň, türkmen saz ruhunyň ýaýbaňlanmagynda aýgytlaýjy ýyllar boldy. Hut şu ýyllarda, 30, 40, 50-nji ýyllarda türkmenler özleriniň dünýä medeniýetindäki özboluşly konsepsiýalaryna, hususan-da dünýä saz medeniýetindäki özboluşly orunlaryna göz ýetirdiler. Hut şu üç onýyllyk şu günki häzirki zaman türkmen klassyky sazynyň kemala gelmeginde aýgytlaýjy döwür boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu günki günde türkmen klassyky sazynyň ýeten derejesini saklamak, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin näme edilmeli?

Myrat Annamämmedow: Men Türkmenistanda soňky gezek 5 ýyl gowrak mundan öň boldum. Men şonda Aşgabadyň gözelleşenine, aýdaly ykdysadyýetde, arhitekturada, durmuş hyzmatlarynda, ilatyň ýaşaýyşynda gazanylan üstünliklere guwandym. Emma men şonda, muny gizläp oturjak däl, türkmen saz medeniýetiniň örän ejiz, egbar düşen ýagdaýyna gynanman durup bilmedim.

Hawa, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň 90-njy ýyllardaky kararlary nazarda tutulýar, hawa, häzirki ýolbaşçylaryň klassyky saz sungatyny gaýtadan janlandyrmak baradaky kararlary nazara alynýar. Emma şol wagtyň özünde käbir adamlar dünýäden ötdi, käbirleri başga ýurtlara gitdi. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa, dogry olar indi ýetişmeli. Olar, aýdaly, ýewropa saz bilimlerini almadylar, tutuş dünýäniň saz mekdeplerinden täsirlenmediler. Düşünýäňizmi, men Orsýetde ýaşaýaryn, belli bir derejede tanalýan, bilinýän rus sazandasy. Emma rus sazy, ajaýyp rus saz mekdepleri, kompozitorlyk, ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen, dünýä saz medeniýetiniň bir bölejigi bolup durýar.

Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, göwrümi boýunça, ýazylan taryhy boýunça has kiçi ýurtda, şu nukdaý nazardan seredilende, elbetde, maňa heniz şol mahalam bilimdarlyk, häzirki zaman sazandalarynyň, ýaşlaryň saz täsirleri kemter göründi. Şu günki gün barada aýdylanda, men bäş ýyldan gowrak ozal Türkmenistanda rus medeniýetiniň günlerini geçirmäge bardym, delegasiýa ýolbaşçylyk etdim. Meniň gören, synlan ýaşlarym diýseň talantly ýaşlardy.

Emma olar biziň gürrüňimizi başlan zadymyza, mekdebe, saz mekdebiniň bolmagyna esaslanmaýardy. Häzir türkmen saz mekdepleri ýok. Muny dikeldip boljak, ýagny döwlet kararlary esasynda, hususy inisiatiwalar, halkara alyş-çalyşlary, şol bir wagtda Türkmenistana dünýäniň has täsin saz adamlaryny çekmek bilen edip boljak işler bar.

XS
SM
MD
LG