Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Daşy ezen ýaş gördüm"


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň "Annaguly şahyra" atly goşgusy.

Del ýurtda bir dag gördüm,
Jülgesini dar gördüm.
Üç aýy çogsuz güneş,
Dokuz aýyn gar gördüm.

Dag başyn beýik gördüm,
Azaşan keýik gördüm.
Dag düýbünde bir derýa,
Bir lagşan gaýyk gördüm.

Gaýykda gap bilinden
Jomrulan kürek gördüm.
Älem içre il gezdim –
Ilde ýok ýürek gördüm.

Ýürekde ýara gördüm,
Maňlaýda gara gördüm.
Kör ykbalyň elinde,
Manysyz çyra gördüm.

Öňi abat dünýäniň
Soňuny ýumruk gördüm.
Hudaýa haýbat atýan
Düwülgi ýumruk gördüm.

Ýumruk içre daş gördüm,
Daşy ezen ýaş gördüm.
Hyrydarsyz ýüzükde
Şalarda ýok gaş gördüm.

Ýat güle bagban gördüm,
Görünmän aglan gördüm.
Öz-özün ýesir alyp,
Birehim baglan gördüm.

Eşretden gaçan gördüm,
Diňe süýt içen gördüm.
Ýer gutaran ýerinde
Täze ýurt açan gördüm.

Gök tokaýyň içinde
Bir nökersiz han gördüm.
Myhman üçin – hojaýyn,
Ýurt üçin – myhman gördüm.

Türkmeniň ýok ýerinde,
Gyrmyz don geýýen gördüm.
Ol size görnüp durmaz,
Men ony eýýäm gördüm.

XS
SM
MD
LG