Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: 'Orsýetiň "täze urşuna" çäre tapmaly'


Britaniýanyň daşary işler sekretary William Heýg (Ç) NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen gürleşýär. Brýussel, 25-nji iýun, 2014.
Britaniýanyň daşary işler sekretary William Heýg (Ç) NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen gürleşýär. Brýussel, 25-nji iýun, 2014.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlygyň daşary işleriniň ministrleriniň ýygnagyny açanda Orsýetiň Ukrainada «iki manyly» uruş alyp barýandygyny belläp, ýaranlygyň gapylarynyň isleg bildirýän ýurtlar üçin «açyk galýandygyny» hem sözüne goşdy.

Brýusseldäki duşuşykda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň gatnaşmagynda, Yrakdaky krizisiň hem ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Rasmussen ýygnagy açanda «bu biziň howpsuzlygymyz üçin aýgytlaýjy pursat» diýdi.

Ol ýaranlyk Gündogar Ýewropadan Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogara çenli aralykda «köne we täze howp-hatarlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda», NATO-nyň öz taýýarlygyny uýgunlaşdyrmagy dowam etdirmegi zerur diýdi.

Rasmussen NATO Orsýetiň Ukrainada «urşuň täze, başga bir görnüşinini» ulanmagynyň şaýady boldy we Orsýetiň öz halkara borçnamalaryny sylajak bolmaýandygyny, munuň hiç bir alamatynyň ýokdugyny gördi diýdi.

Ol NATO «iki manyly howplara nähili düşünmelidigini we uzak möhletli şertlerde olara garşy näme etmelidigini maslahatlaşar» diýdi.

Şeýle-de ol NATO Montenegro bilen «güýçlendirilen» gepleşikleri açar we 2015-nji ýylyň aýagynda Podgorisany goşulmaga çagyrmalymy ýa däl diýen meselä garar diýdi.

Ol Gürjüstanyň ýaranlyga ýakynlaşmagyna kömek etmek üçin özbaşdak bir paketiň işlenip düzülýändigini aýtdy, emma agzalyk barada dil ýarmady.

Yrak barada aýdylanda, Kerri 24-nji iýunda giçlik Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Aşton Ketrin we beýleki ýewropa ýaranlary bilen duşuşyp, sözçiniň aýtmagyna görä, “Yrakdaky düýpli howpsuzlyk ýagdaýy" barada maslahat etdi.

Kerri Yrakdan 24-nji iýunda geldi. Ol şol gün irden Bagdatda premýer-ministr Nury al-Maliki bilen duşuşyp, soň demirgazykdaky kürt awtonom regionyna bardy we sebitiň resmileri bilen maslahat etdi.

Brýusseldäki duşuşyk NATO ýolbaşçylarynyň sentýabrda Weýlsde geçmeli ýokary derejeli gepleşiklerinden öň geçýän iň soňky ýokary derejeli ýygnanyşygy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG