Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Maliki çagyryşlary ret edýär


Nury al-Maliki

Nury al-Maliki

Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki möwjäp galan sünni pitneçiligine garşy durmak üçin milli bitewülik hökümetini düzmek baradaky çagyryşlary ret etdi.

Yragyň şaýy köplüginiň agzasy bolan Maliki 25-nji iýunda telewideniýede berlen çykşynda «milli halas ediş hökümetini düzmek baradaky çagyryş ýurduň konstitusiýasyna we syýasy prosese garşy agdarylyşygy aňladýar» diýdi.

Ol munuň ýaş demokratik prosesi ýok etmek we saýlawçylaryň seslerini ogurlamak synanyşygy bolup durýandygyny hem sözüne goşdy.

Malikiniň saýlaw blogy 30-njy aprelde geçirilen parlament saýlawlarynda orunlaryň köpüsini, ýagny 328 orunly palatanyň 92 ornuny almagy başarypdy.

Maliki Yrakda sünni we kürt wekillerine ýeterlik häkimiýet ygtyýarlygyny bermezlik bilen, mezhep dartgynlyklaryna meçew bermekde giňden tankyt edilýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri şu hepde Bagdatda Maliki bilen gepleşik geçirdi we derrew täze, has açyk we köp tarapy içine alýan hökümet düzmäge çagyrdy.

Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki (S) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Bagdad, 23-nji iýun, 2014.

Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki (S) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Bagdad, 23-nji iýun, 2014.

Şeýle-de Kerri demirgazykdaky kürt awtonom regionynyň buştutanlary bilen gepleşip, olary ýurduň bitewüligini saklamaga çagyrdy.

Kerri Yrak krizisi barada NATO-nyň daşary işler ministrleriniň 25-nji iýunda Brýusselde geçirýän duşuşygynda hem maslahat eder.

Yragyň yslam döwleti we Lewant söweşijileri, «Al-Kaýdadan» bölünen topar tarapyndan öňi çekilýän sünni jeňçileri eýýäm Yragyň demirgazygynda we günbatarynda bir topar ýeri öz kontrollugyna geçirdi.

25-nji iýundaky habarlara görä, Birleşen Ştatlaryň harby geňeşçileriniň ilkinji toparlarynyň hökümete kömekleşmek üçin gelen wagty, jeňçiler Yragyň iň uly howa bazalarynyň birine hüjüm etdiler.

Habarlarda jeňçileriň Birleşen Ştatlaryň okupasiýasy mahalynda Anakonda lageri diýlip bilnen howa bazasynyň daşyny gabap, ony minomýot okuna tutandyklary aýdylýar.

Şu aralykda, Yragyň Baijidäki iň uly nebit zawodynyň kimiň ygtyýaryndadygy näbelli bolup galýar. Hökümet goşunlary bu ýerde jeňçiler bilen ýedi günden gowrak söweş alyp barýardy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Yraga kömekleşmek üçin 300-e çenli harby geňeşçini teklip etdi, emma howa zarbalaryny urmak baradaky talaba kepillik bermedi.

Pentagon 24-nji iýunda häzir Yraga 130 geňeşçiniň eltilendigini, ýene 50 geňeşçiniň bolsa gelýän hepdelerde eltilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Pentagon her gün 30-35 harbynyň sürüjili we sürüjisiz aňtaw uçarlarynda, ol ýerdäki ýagdaýa syn etmek üçin, yzygiderli uçýandygyny hem aýtdy.

BMG Yrakda iýun aýynda, üç hepdeden hem az wagtda, esasan asuda ilatdan bir müňden hem kän adamyň öldürilendigini aýdýar.

Bu sanlar YYDL söweşijileri tarapyndan jezalandyrylyp öldürildi diýilýän asuda adamlary, esgerleri we polisiýa işgärlerini hem öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG