Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hüjümlerde 35 adam öldi


Owganystanyň resmileri ýurduň günortasyndaky “Talyban” hereketiniň 800-den gowrak söweşijisiniň bäş günden bäri alyp barýan hüjümlerinde parahat ilatdan azyndan 35 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Owgan resmileriniň 25-nji iýunda beren maglumatyna görä, ýurduň Helmand welaýatynyň Sangin etrabynda bolýan çaknyşyklarda takmynan 100 “Talyban” söweşijisi we azyndan 21 esger ölüpdir. Çaknyşyklaryň bolýan etraby Owganystanyň Pakistan bilen araçäginde ýerleşýär.

Bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Owgan resmileri Sangin, Nowzad, Kajaki we Musa Kala etraplaryndaky hüjümleri yzyna gaýtarmak üçin goşmaça goşunyň ugradylandygyny aýtdylar. Şeýle-de, gürrüňi gidýän etraplardaky ýowuzlyklardan gaçyp, 2 müň maşgalanyň sebiti terk edendigi habar berilýär.

Birleşen Ştatlaryň soňky harbylary geçen aý Sangin etrabyndan çykypdylar. Olar öz bazalarynyň jogapkärçiligini Owgan güýçlerine geçiripdiler.

XS
SM
MD
LG