Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Söweşijiler baza hüjüm etdiler


Yrakda söweşijileriň ýurtdaky iň uly howa bazalaryň birine hüjüm edendigi habar berilýär. Bu hüjüm sünni söweşijilere garşylyk görkezmegi üçin Yragyň hökümet güýçlerine ýardam bermek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň harby maslahatçylarynyň birinji topary Yraga baran mahaly bolup geçdi.

Maglumatlara görä, söweşijiler gürrüňi gidýän howa bazanyň daş-töweregini gurşap alypdyrlar we oňa minomýotlar bilen hüjüm edipdirler. Bu howa bazasy Birleşen Ştatlaryň Yraga goşun salan döwründe Kemp Anakonda ady bilen tanalýardy.

Bu aralykda, Baiji nebiti gaýtadan işleýän zawodyna haýsy tarapyň kontrollyk edýändigi nämälim bolup galýar. Yragyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň daş-töwereginde eýýäm bir hepde gowrak wagt bäri hökümet güýçleri söweşijiler bilen çaknyşýarlar.

Söweşijiler Yragyň demirgazygynda we günbatarynda birnäçe territoriýalary eýýäm ele saldylar.

24-nji iýunda Pentagon 130 harby maslahatçynyň Yraga barandygyny mälim etdi. Galan 50 maslahatçynyň öňümizdäki günlerde barmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG