Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko separatistlere duýduryş berdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýa tarapdary separatistler ukrain dikuçaryny atyp, düşürenden soň, ok atyşygy bes etmek baradaky kararyndan yza gaýdyp biljekdigini aýtdy.

Poroşenkonyň 24-nji iýunda eden bu çykyşy ýurduň gündogaryndaky Slowýansk şäheriniň golaýynda Ukrainanyň Mi-8 kysymly harby dikuçaryna raketa bilen hüjüm edilip, aşak gaçyrylmagy netijesinde dokuz ukrain harby gullukçysy öleninden soň bolup geçdi.

Gürrüňi gidýän bu waka birnäçe adamyň ýaralanmagyna we başga-da biriniň öldürilmegine sebäp bolan Donetsk aeroportyna we barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümler mahaly bolup geçdi. Bu hüjümler 23-nji iýunda separatistleriň liderleri Poroşenkonyň ok atyşygy bes etmek baradaky çagyryşyny kabul edendigine garamazdan hem amala aşdy.

Poroşenko çaknyşyklary bes etmek maksady bilen parahatçylyk planynyň bir bölegi hökmünde 20-nji iýunda ok atyşygy bir hepdelik bes etmegi yglan edipdi.

Bu wakany 25-nji iýunda Poroşenkonyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly maslahat etmegine garaşylýar. Telefon arkaly geçiriljek bu maslahata Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň (Francois Hollande) hem gatnaşyp biljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG