Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag Bakuwy aýyplaýar


Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag sebitindäki separatist häkimiýetleri gürrüňi gidýän regionda Azerbaýjanyň güýçleri tarapyndan bir esgeriň atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Gürrüňi edilýän sebitde ykrar edilmedik respublikanyň de fakto, ýagny iş ýüzündäki Goranmak ministrligi tarapyndan 25-nji iýunda çap edilen beýanatda 19 ýaşyndaky Armen Awetisianyň gijäň ýary amala aşyrylan hüjümde öldürilendigi bellenilýär.

Bu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 25-nji iýunda ýaýradan beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda Ermeni güýçleriniň azyndan 78 sapar ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozandygy nygtalýar.

Daglyk-Garabag sebiti sebäpli Baku we Ýerewanyň arasynda ençeme ýyl bäri konfliktler dowam edýär. Bu region 1990-njy ýyllarda bolan uruş döwründe Ermenistanyň goldamagyndaky separatistler tarapyndan Azerbaýjandan basylyp alnypdy.

XS
SM
MD
LG