Sepleriň elýeterliligi

Dünýä çempionatynyň öwüşgünleri


Italiýanyň futbol komandasynyň oýunçysy Jorjio Çillinini (Giorgio Chiellini).

Italiýanyň futbol komandasynyň oýunçysy Jorjio Çillinini (Giorgio Chiellini).

Ýakynda “Forbes” žurnaly häzirki wagtda Braziliýada dowam edýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň iň gymmat futbol komandalarynyň sanawyny çap etdi. Ýagny, bu sanaw Dünýä çempionatyndaky futbol komandalarynyň gymmatlylygy, ýagny degişlilikdäki ýurduň ýygyndy toparynyň düzüminde oýnaýan futbolçylara tölenýän maliýe serişdeleriniň esasynda taýýarlanyldy.

Bu sanawda Braziliýanyň futbol komandasynda oýnaýan futbolçylaryň alýan maliýe töleglerine görä, brazil futbol komandasynyň gymmaty 718 million amerikan dollaryna barabardyr. Maglumata görä, brazil komandasynyň iň gymmat futbolçysy Neýmar bolup, ol 88 million amerikan dollaryny alýar.

“Forbes” žurnalynyň bu sanawynda degişlilikdäki ýurduň ýygyndy toparynyň düzüminde oýnaýan futbolçylara tölenýän maliýe serişdelere görä, gymmaty 674 million amerikan dollaryna barabar bolan Ispaniýanyň futbol komandasy ikinji orunda, gymmaty 654 million amerikan dollaryna barabar bolan Argentinanyň futbol komandasy üçünji orunda ýerleşdirilipdir.

100-nji gol

Braziliýada geçirilýän futbol boýunça Dünýä çempionaty futbolçylaryň gyzgalaňly oýunlary bilen hem tapawutlanýar. 23-nji iýunda Braziliýa bilen Kamerunyň komandasynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşynda brazil komandasynyň futbolçysy Neýmar 2014-nji ýyl boýunça Dünýä çempionatynyň 100-nji goluny derwezä saldy.

Şu ýylky futbol boýunça Dünýä çempionatynda 100-nji goluň derwezä salynmagyna sebäp bolan Kamerun bilen oýnalan bu futbol ýaryşy Braziliýa üçin ýene bir taryhy waka şaýat boldy. Sebäbi bu oýun şol bir wagtyň özünde Braziliýanyň Dünýä çempionatynyň taryhynda oýnan 100-nji futbol ýaryşydyr.

Ispaniýanyň şowsuzlygy

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda Braziliýa öz toparyndan birinji bolup çyksa-da, bu ýaryşda uly umyt baglanýan Ispaniýanyň komandasy öz toparynda öňe saýlanyp bilmedi. Onuň öz toparyndan ýeňiji bolup, öňe çykmajagy eýýäm ilkinji oýnan iki oýnunda gerekli ballary alyp bilmänsoň, aýdyň bolupdy.

Ispaniýanyň öz toparynda ýeňiş gazanyp bilmän, Dünýä çempionatynda şowsuzlyga uçramagy barada ispan gazeti “El Mundo” “Iň gowy taryhyň iň erbet Dünýä çempionaty” diýen sözbaşyly makala çap etdi. Gazet: “Ispaniýanyň futbol komandasy hiç wagt hem Dünýä çempionatynyň ilkinji iki oýnunda beýle şowsuzlyga uçramandy. Iki Ýewropa çempionatyny we bir Dünýä çempionatyny utan nesil iň ajy görnüşde soňlandy. Alty ýyl bäri futbol dünýäsini dolandyrýan Ispaniýa çagşady” diýip ýazýar.

Şeýle-de, Ýewropa futbol ýygyndy komandalarynyň arasynda güýçli hasaplanýan Italiýanyň we Angliýanyň komandalary hem degişlilikde öz toparyndaky oýnalan ýaryşlarda şowsuz bolup, Dünýä çempionatyndan galdylar.

"Suareziň Çillinini dişlemegi"

24-nji iýunda Italiýa bilen Urugwaýyň komandalarynyň arasynda bolup geçen aýgytlaýjy duşuşygyň dowamynda Urugwaý komandasynyň oýunçysy Luiz Suarez (Luis Suarez) Italiýanyň futbol komandasynyň oýunçysy Jorjio Çillinini (Giorgio Chiellini) dişlemekde aýyplandy.

Şol wakada Çillini Suareziň özüni çep egninden dişländigini aýtdy. Öz gezeginde Suarez bolsa, Çillininiň özüne topulandygyny aýdyp, munuň tötänleýin bolan wakadygyny belledi.

Öň hem ençeme gezek futbolçylary dişlemekligi bilen ýakasyny tanadan Suareze garşy FIFA, ýagny Furbol assosiasiýasynyň halkara federasiýasy derňewleri başlatdy.

Suarez mundan öň hem 2013-nji ýylda Liwerpul-Çelsi komandasynyň arasynda geçirilen futbol ýaryşynda Branislaw Iwanowiçi dişläp, 10 duşuşykda oýnamakdan mahrum edilipdi. 2010-njy ýylda hem Ajax-PSV Eindhoven futbol komandalarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Suarez futbolçy Otman Bakkaly egninden dişlemekde aýyplanypdy.

"Iň köp gürrüň edilen ýaryş"

Ýatladyp geçsek, Braziliýada dowam edýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň şu wagta çenli sosial ulgamlarda iň köp gürrüňi edilen futbol ýaryşlarynyň biri boljakdygy barada “Adobesystem” websahypasy öňünden öz çaklamalaryny ýaýradypdy.

Bu websahypanyň ýaýradan başlangyç netijelerine görä, futbol boýunça Braziliýada geçýän Dünýä çempionaty barada sosial ulgamlarda iň köp gürrüň edýän ýurtlaryň arasynda 37% bilen Ýaponiýa birinji, 11% bilen Beýik Britaniýa ikinji, Braziliýa-da 9% bilen üçünji orunda ýerleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG