Sepleriň elýeterliligi

Özbekler orsýetçi separatistleriň hataryna goşulýar


Kiýew. Ýewromaýdandaky özbek protestçisi.

Kiýew. Ýewromaýdandaky özbek protestçisi.

Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler öz hatarlaryny özbegistanly söweşijiler bilen berkitmäge çalyşýan meňzeýär.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy separatistleriň söweşiji toplaýan wekili bilen gürleşip, olaryň daşary ýurtly söweşijileri kabul etmäge höwesek görünýändigini habar berdi.

Täze deliller gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň Merkezi Aziýa tälim berlen söweşijileriň mümkin bolan çeşmesi hökmünde seredýändigini tassyklaýar.

«Roýters” habar gullugy tarapyndan 22-nji iýunda Donetsk regionynyň Siwersk şäherinde düşürilen suratda Kalaşnikow awtomatyny göterip barýan separatistiň özbegistanly Bagtyýardygy kesgitlenildi.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy 24-nji iýunda Donetsk halk respublikasynyň, gündogar Ukrainadaky ykrar edilmedik döwletiň we regionyň näresmi Noworossiýa separatistler konfederasiýasynyň söweşiji toplaýan wekili bilen habarlaşdy.

Ol özüniň gowy garşy alynjakdygyna we daşary ýurt raýaty bolany sebäpli bar bolan islendik problemasynyň çözülip bilinjekdigine ynandyryldy.

Habarçy özüniň özbek raýatydygyny aýdyp, beýleki özbek ýoldaşlaryny hem ýany bilen getirip biljegini ýa bilmejegini soraýar. Söweşiji toplaýanlaryň sözçüsi, Donetsk halk respublikasynyň Moskwadaky ofisinden gürläp, muňa prinsipde rugsat berilýändigini, emma olaryň rus pasportlarynyň ýoklugy bilen bagly meseläni çözmek üçin ýörite çäreleri görmegiň gerek boljagyny aýdýar.

Söweşiji toplaýan töleg tölenmeýändigini, adam çekmegiň diňe meýletinçilik esaslarynda edilmelidigini aýdýar. Donetsk halk respublikasynyň ikinji, Donbasdaky wekili bolsa, habarça separatistleriň söweşjek adamlary diňe kanun goraýjy guramalaryň işgärlerinden ýa-da harby hünärmenleriň içinden gözleýändiklerini aýtdy.

Tölegine söweşmek

Paş ediji maglumatlar gündogar Ukrainadaky separatist goşunlarynyň garjaşyk tebigatyny tassyk edýäne meňzeýär, olar Ukrainanyň kontrollugyndan aýrylyp, Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyk gurmak üçin ukrain harbylaryna we öz-özüňi goraýyş güýçlerine garşy söweşýärler.

Separatist batolýonlary başda özleriniň ýerli halkyň bir bölegidiklerini aýtdylar, emma ondan bäri olaryň içinde tutuş Orsýetden, şol sanda Demirgazyk Kawkazdan, şeýle-de Gürjüstanyň bölüniji territoriýasyndan, Günorta Osetiýa ýaly Orsýete dostlukly regionlardan söweşijileriň bardygy subut edildi. Olaryň arasynda Merkezi Aziýadan hem birneme söweşijiniň bardygy aýdylýar.

Gündogar Ukrainadaky harby synçylar we žurnalistler Orsýetiň söweşiji toplamak işini işjeň goldaýandygyny, adam çekmek üçin pul serişdeleriniň we tanklaryň, harby tehnikalaryň hem ulanylýandygyny aýdýarlar.

Käbir söweşijiler özleriniň Orsýetiň tarapynda ýa-da prowaslaw bähbitleri üçin söweşýändiklerini aýdýarlar. Beýleki birleri bolsa kadaly töleg wadasy berlen hakyna tutma söweşijiler bolup görünýär.

Golaýda internetde ýerleşdirilen öwrenje wideosynda separatist güýçlere goşulmak islän, emma ukrain milli gwardiýasy tarapyndan tutulan 21 ýaşly rus harby kadeti görkezilýär. Ol özüniň wideo görkezmesinde internetde bir bildirişde Donetsk halk respublikasynyň goşunlaryna goşulan üçin 1 müň amerikan dollarynyň wada berlendigini gürrüň berýär.

Ukrainanyň Günbatara tarapdar Ýewromaýdan protestlerine gatnaşan özbek raýaty Şawkat Mahamed Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna özüniň Luhansk regionynda çeçen we özbek tanyşlarynyň bardygyny, olara separatistleriň hatarynda söweşmek üçin günde $50-$100 arasynda hak teklip edilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Ukrinform habar gullugy 23-nji iýunda Orsýetiň Fransiýanyň daşary ýurt legionynyň weteranlaryny hem, aýda 10 müň ýewro ($13,600) çenli hak teklip edip, söweşe çekmäge synanyşandygyny habar berdi.

Raýatlyk üçin söweşmek?

Öz ýaragly güýçleri we söweşiji toplaýan adamlary bolan Donetskde we Luhanskde resmi bolmadyk separatist guramalarynyň bolmagy Moskwa Ukrainanyň rus dilinde gürleýän daşary ýurt güýçleri bilen göni aragatnaşygynyň ýokdugyny aýtmaga esas berýär. (25-nji iýunda Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynda Ukraina harby gatyşma berlen ygtyýaryň ýatyrylmagy bu inkär etmä ýene bir tutaryk bolýar.)

Emma Orsýetde dokumentsiz işçi güýjüniň köp bölegini düzýän merkezi aziýalylar bu ýerde Orsýet bilen gatnaşyklaryny has berkitmäge ymtylyp hem bilerler.

Orsýetiň Migrasiýa fondy aprel aýynda 100 müň çemesi migrantyň, rus raýatlygy berlen ýagdaýynda, dünýäniň islendik ýerinde Orsýetiň bähbitlerini goramaga taýýardygyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG