Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda iki adam öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanyň polisiýasy aýry-aýrylykdaky wakalarda söweşiji diýlip güman edilýän iki adamy öldürendiklerini habar berýär.

Gürrüňi gidýän şübhelileriň biri maglumata görä, respublikanyň paýtagty Makaçkalada polisiýa ot açandan soň öldürilipdir. Onuň şahsyýeti henize çenli anyklanylmady.

Şübhelileriň beýlekisi 26-njy iýunda Dagystanyň gündogaryndaky Derbent şäherinde terrorçylyga garşy amala aşyrylan ýörite operasiýalar döwründe öldürildi.

Dagystanyň polisiýasy gürrüňi edilýän adamyň bikanun ýaragly topara gatnaşmakda gözlenýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG