Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň esgeri öldürildi


Owganystanyň günortasynda amala aşyrylan hüjümde NATO güýçleriniň bir esgeri öldürildi. 25-nji iýunda bolan bu waka barada NATO güýçleri jikme-jik maglumat bermedi.

Iýun aýynyň dowamynda şu wagta çenli NATO güýçleriniň 11 agzasy öldürildi. Olaryň sekiz sanysy amerikan esgeridi. Şu ýylyň dowamynda bolsa, häzire çenli NATO güýçleriniň Owganystanda 40 sany, şol sanda 29 amerikan esgeri öldürildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Owganystandaky ähli daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykmagy planlaşdyrylýar.

Owganystanyň günortasy “Talyban” hereketiniň täsiri astyndaky sebitdir.

25-nji iýunda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatynda takmynan 800 “Talyban” söweşijisine garşy göreşdiler.

XS
SM
MD
LG