Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keldibekow barada rezolýusiýa çykaryldy


Gyrgyzystanyň kanunçykaryjylary ýurduň parlamentiniň öňki başlygy Akmatbek Keldibekowyň deslapky tussaghanadan öý tussaglygyna geçirilmegi üçin Ýokary suda çagyryş edýän rezolýusiýany kabul etdiler. Keldibekow korrupsiýa aýyplamalary bilen tussaglykda saklanylýar.

25-nji iýunda kabul edilen parlamentiň rezolýusiýasyna görä, Keldibekowyň gyssagly saglyk bejergisini almak üçin ýurduň daşyna gitmegi zerur hasaplanylýar.

Keldibekowyň öý tussaglygyna geçirilmek ähtimallygy baradaky suduň kararynyň 27-nji iýunda mälim edilmegine garaşylýar.

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata-Jurt”, ýagny “Ata-Watan” partiýasynyň agzasy Keldibekow noýabr aýynda tussag edilip, ýurduň Salgyt gullugynda we Döwlet sosial fondunda işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplyklarynda aýyplanypdy. Ol 2010-2011-nji ýyllarda Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlygy wezipesinde hem işläpdi.

XS
SM
MD
LG