Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Siriýa söweşijilere garşy hüjüm etdi


Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki şu hepde Siriýanyň Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrandygyny aýdýar.

“BBC” korporasiýasynyň Malikä salgylanyp 26-njy iýunda beren maglumatyna görä, 24-nji iýunda Siriýanyň uruş uçarlary Yragyň Siriýa bilen serhet araçäginde ýerleşýän Al-Kaim şäherindäki söweşijileriň territoriýalaryna hüjüm edipdirler.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Şeýle-de, Maliki Yrakda hüjümleriň amala aşyrylmagyny soramandygyna garamazdan, “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijilerini nyşana alýan şeýle hüjümleri “gowy garşy alýandygyny” belledi.

“Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bu bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar Yragyň demirgazyk we günbatar territoriýalarynyň uly bölegini ele saldy.

XS
SM
MD
LG