Sepleriň elýeterliligi

Karzaý “daşary ýurtlary” aýyplaýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý “Talyban” hereketiniň ýurduň Helmand welaýatynda amala aşyrýan hüjümleriniň arkasynda “daşary ýurt bähbitleriň” bardygyny aýtdy. Ol gürrüňi gidýän welaýatdaky uruş hereketlerine “daşary ýurtlylaryň gatnaşandygyny” we “olaryň çaknyşyklarda görnendigini” sözüniň üstüne goşdy.

Helmand welaýat häkiminiň 26-njy iýunda Azatlyk Radiosyna beren malumatyna görä, Owgan aňtaw gullugynyň işgärleri we territoriýadan gaçýan parahat ilatdan ýaşaýjylar sebitde gören adamlary barada maglumat beripdirler. Olar şol adamlaryň Pakistanyň Pudagara aňtaw gullugynyň (ISI) graždan geýmindäki agzalary we “Talyban” hereketi üçin söweşýän pakistanly adamlar diýip suratlandyrypdyrlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najib Daniş Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda çaknyşyklardaky söweşijileriň aglabasynyň “Talyban” hereketiniň gara geýmindäki “Pakistanyň harby işgärleridigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG