Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Putini plany goldamaga çagyrýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko öz parahatçylyk planyny “söz bilen däl-de, iş ýüzünde” goldamagy üçin Russiýa çagyryş etdi.

26-njy iýunda Strasburgda Ýewropa geňeşiniň parlament assambleýasynda eden çykyşynda Poroşenko Moskwa plany goldaýandygyny mälim etse-de, heniz ýeterlik zat etmedi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) hem 26-njy iýunda eden çykyşynda Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapdary separatistler bilen Kiýewiň arasynda dowam edýän ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşygy goldamak ugrunda iş alyp barýandygyny, Moskwa “birnäçe sagadyň” içinde subut etmeli diýdi.

Kreml bolsa, 26-njy iýunda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Ukrainadaky “ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy dowam etdirmek üçin zerur bolan zatlaryň” maslahat edilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG