Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Siriýanyň harby zarbalaryny tassyklady


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň harbylary, 24-nji iýun, 2014.
Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň harbylary, 24-nji iýun, 2014.

Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki şu hepdede Siriýanyň Yragyň içinde howa hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdy.

BBC agentligi Malikiniň 26-njy iýunda eden çykyşyna slagylanyp, Siriýanyň harby uçarlarynyň 24-nji iýunda serhetýaka Al-Kaim şäheriniň töwereginde söweşijileriň pozisiýalaryny howadan oka tutandygyny habar berdi.

Siriýanyň döwlet mediasy öz ýurdunyň Yragyň çäklerinde howadan zarba urandygyny inkär etdi.

Maliki Bagdadyň, howadan zarba urmagy soramadyk hem bolsa, “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň söweşijilerine garşy Siriýanyň bu hüjümlerini “makullandygyny” aýtdy.

“Al-Kaýda” bilen bagly topar Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly giňişlikleri eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Yragyň ýolbaşçylary 1-nji iýulda parlamentde maslahatyň geçiriljegini we munuň täze hökümeti döretmek boýunça ilkinji ädim boljagyny habar berdiler.

Bu beýannamanyň öňüsyrasynda Yragyň şaýy köpçüliginiň agzasy Maliki Milli halas ediş hökümetini döretmek barada, esasan, sünni syýasatçylary we dini wekiller tarapyndan edilen çagyryşlary ret etdi we muny “konstitusiýa garşy dildüwşük” diýip atlandyrdy.

Halkara tagallalary

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerri) Yrakdaky krizisi maslahat etmek üçin 26-njy iýulda Parižde Ysraýylyň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň we beýleki ýurtlaryň resmileri bilen duşuşýar. Kerri şu hepdäniň başynda Bagdada sapar edipdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg (William Hague) 26-njy iýunda garaşylmadyk sapar bilen Bagdada bardy. Britaniýanyň Daşary işler edarasynyň resmi maglumatyna görä, Heýg ýokary derejeli resmiler bilen söweşijleriň hüjümleri barada maslahat eder.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yraga 300-e çenli harby geňeşçisini ibermegi teklip etdi. Olardan 130 adam häzirki wagtda Yrakda ýerleşýär.

BMG Yrakda sünni söweşijileriň hüjümleri zerarly 1000-den gowrak adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

BMG-niň Yrak boýunça wekili Nikolaý Mladenow (Nickolay Mladenov) 25-nji iýunda BMG-niň Nýu Ýorkdaky baş edarasynda Yrakdan wideo arkaly žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) toparynyň hüjümleri sebäpli dörän krizise bölekleýin harby taýdan çemeleşmeli”.

BMG-niň maglumatlaryna görä, şu ýyl 1 million çemesi adam Yrakda öz öýlerini terk edip, göçmäge mejbur bolupdyr.

XS
SM
MD
LG