Sepleriň elýeterliligi

Türkmen kino sungaty: Kim näme pikirde?


Türkmen kinolarynyň cd-leri

Türkmen kinolarynyň cd-leri

Türkmenistanda soňky ýyllar döwlet eýeçiligindäki kino sungatynyň pese gaçandygy, döredilýän kinolaryň halk içinde meşhurlygynyň azalandygy aýdylýar.

Ýogsam bolmasa, Sowet döwründe döredilen türkmen filmleri halk içinde uly meşhurlyk gazanypdy. Emma indi, döwlet eýeçiligindäki kinostudiolaryň meşhurlygynyň peselmegi bilen, täze bir hadysanyň - hususy eýeçilikdäki kino sungatynyň döreýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, hususyýetçiler tarapyndan döredilýän kinolarda halk durmuşynyň, sosial meseleleriň, döwlet kinostudiosynyň kinolaryndan tapawutlylykda has gyzykly görkezilýändigi habar berilýär. Dogry, hususyýetçileriň döredýän kinolarynda professionallygyň ýetmeýändigi hem aýdylýar.

Eýsem, türkmen kinosyndaky täze ýagdaý barada ýaşlar näme pikir edýärler? Soňky ýyllarda döredilýän türkmen kinofilmleri barada ýaşlar näme pikirde? Nämeler edilende kinolary has hem döredijilikli taýýarlap bolar?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşiginde şu tema barada gürrüň ediler. Garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG