Sepleriň elýeterliligi

“Bir ýyllyk azabym köýdi”


Türkmenistanda şu aýyň başynda galla hasyly ýygnalyp başlandy. Bu gyzgalaňly döwürde, türkmen resmileri, hususanda prezident G.Berdimuhamedow galla hasylyny ýygnamak üçin ähli şertleriň döredilmelidigini nygtap gelýärler. Emma Lebap welaýatyndaky käbir daýhanlar bolsa, hasyly ýygmak üçin ýüz tutsalar hem, tehniki serişdeleriň berilmeýändigini aýdýarlar. Daýhanlar bu sebäpli uly azap bilen ýetişdiren bugdaýynyň belli bir böleginiň hem eýýäm dökülip, zaýalanandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Watan daýhan birleşigindäki şeýle daýhanlaryň biri - Ereşguly Durdybaýew bilen söhbetdeşlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG