Sepleriň elýeterliligi

Bagt hakda arzuw


D.Baýramowyň "Ýüpekçiler işi"

D.Baýramowyň "Ýüpekçiler işi"

Kanadanyň Toronto şäherinde türkmen hudožnigi Durdy Baýramowyň 250-den gowrak eserleriniň sergisi açyldy. Sergi 4-nji iýula çenli dowam edýär.

Ýyldyzlar

Durdy Baýramow Moskwanyň W.I. Surikow adyndaky Çeperçilik institutyny gutaryp gelenden soň, özüniň başlangyç bilim alan ýeri, Aşgabadyň Çeperçilik uçilişesinde mugallym bolup işe başlady hem döredijilik bilen içgin gyzyklandy. Ol öz döwürdeşleri bilen birlikde türkmen medeniýetini ýokary göterijilerden biri boldy.

D.Baýramowyň awtoportreti

D.Baýramowyň awtoportreti

Indi görseň, türkmen medeniýetini gülledip, ony örän belende göterip bilen tutuş bir nesil 30-njy yllaryň aýagyna, 40-njy ýyllaryň başlaryna dünýä inipdir. B. Annanow, N. Halmämmedow, Ç. Nurymow, G. Ezizow, A. Agabaýew, A. Kekilowa, G. Musaýewa, M. Aýmedowa, Ş. Akmuhammedow, R. Allaýarow, S. Myradow, E. Annaýew, H. Kakabaýew, M.Meredow ýaly örän sowatly hem ukyply adamlar bir döwürräkde dünýä inipdir. Olar horlukdan, ýetimlikden saplanyp, örän gowy bilim almagy başarypdyrlar. Şonuň üçin türkmen sungatyny ýüzugra belende göterip, SSSR-de türkmen diýen halkyň bardygyny hem onuň baý medeniýete eýedigini başgalara aýan etdiler. Durdy Baýramow şolardan biridi.

Sungata geläýen badyna, ilkinji sergide onuň işleriniň ünsi özüne çekeip bilendigini dürli ensiklopediki çeşmeler habar berýär.

Ol reňklere aşa baýlygy, takyklygy hem ýitiligi bilen başgalardan tapawutlandy.

Ýaşlyk hem meşhurlyk

Elbetde, her bir meşhurlyk agyr zähmetiň netijesinde emele gelýär.

1971-nji ýylyň tomsunda men ýazyjylaryň Pöwrizedäki dynç alyş öýüne barypdym. Şol ýerde tomusky meýdan sekileriniň biriniň daşyna şal aýlanyp, örän amatly hem giň çadyr gurlupdyr. Men munuň nämedigini soranymda: “Ol hudožnik Durdy Baýramowyň ussahanasy” diýdiler.

Ol ýazyjylaryň dynç alyş howlusynda özüne ussahana edinipdir. Bir adamyň portretini döretmek üçin, ony ussahanasyna çagyrman, özi portretini çekjek adamlaryň üstüne gelýän ekeni.

Durdy Baýramow portret çekmegiň ussady saýylýardy. Ol özünden uly nesliň, öz döwürdeşleriniň hem nesilleriň ençemesiniň giden galareýasyny döretmegi başardy.

Bir gezek ol bu barada:

– Maňa portret döretmek üçin, ol adamy tanamak gerek. Onuň häsiýetini bilsem, üstesine-de azda-kände ýagşy taraplarynyň bardygyny kesgitlesem, iş öz-özünden taýyn bolýar – diýdi.

Bagt

Durdy Baýramowyň eserlerini köp sergilerde görmek bolýardy. Dürli sebäpler hem ýubileýler bilen baglanyşykly onuň eserlerini goýýardylar. Onuň satyn alnan işleri bolsa medeni ojaklary bezeýärdi.

"Bagt"

"Bagt"

Öňki Medeniýet ministliginiň binasynyň ikinji gata çykylýan böleginde, onuň “Bagt” atly triptihi goýlupdy. Üç bölekden ybarat ol şekil örän ünsi özüne çekijidi.

Durdy Baýramowyň beýleki bir işini biziň döwürdeşlerimiziň köpüsi bilýän bolsa gerek. “Şeker bilen” Dilber” atly kartinada iki ýaş gyzyň şekili bardy. Aslynda olar Türkmen döwlet Medisina institutynyň studentleri bolmaly. Kartinadaky Şeker Dilberden owadandy, Dilber bolsa Şekerden owadandy. Iki gözellik – goşa gözellik özara bäsleşýärdi.

Durdy Baýramow ömrüniň esasy bölegini gözelligi wasp etmäge harçlady.

Ol gülleriň hem ynsan gözelliginiň hudožnigi boldy.

Arzuw hem arman

Ol mundan bir ýyl öň Kanadada bolup gitdi. Şonda Kanadanyň altyn güýzüni gördi. Bu tebigat, onuň ömründe bolup geçen taryhy öwrülişikler, nesiller baradaky hakykat hem hyýal ony dynuwsyz işlemäge mejbur etdi.

Türkmenistanyň halk hudožnigi, akademik Durdy Baýramowyň gyzy Keýik şeýle gürrüň berýär.

– Kakamyň Kanadada eden işleriniň köp bölegi biziň maşgala durmuşymyz bilen baglanyşykly boldy. Ol biziň öýümiziň saçagyny ýa-da saçakda bar bolan zatlary natýurmort görnüşinde janlandyrdy. Kakamyň dört gyzy bar, onuň ikinji nesli oguldan gitdi. Meniň üç oglum bar. Bu ýagdaý, tebigat, ýat ýerler kakama güýçli täsir etdi. Bu ýerde bolan alty aýynyň dowamynda köp zady görmäge ýetişdi hem köp iş etdi. Ol: “Şu ýerde sergi gurap bolýasa” diýip arzuw edýärdi.

Onuň işleýşine hem döredijilik mümkinçiligine seretseň, sergi gurmak beýle bir kyn däldi. Ýöne ol ynsanyň armany başga zatda ekeni.

Kanadada onuň ilkinji segisi açyldy. Ony synlamaga barýanlaryň yzy üzülenok. Belki, ol şuny görmek isländir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG