Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisiniň aýdanlaryny Kreml goldamaýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili rus resmisi tarapyndan Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň “nasist” diýip atlandyrylmagy baradaky aýdylanlar Kremliň resmi durşuny aňlatmaýar diýdi.

“Interfax” habar gullugyna beren maglumatynda Dmitriý Peskow Putiniň maslahatçysy Sergeý Glazýew tarapyndan aýdylan söz Russiýanyň hökümetiniň “resmi garaýyşyny serpikdirmeýär” diýdi.

Şeýle-de, Glazýew 27-nji iýunda “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda Ukrainanyň prezidentiniň hukuksyz bolşy ýaly diýip, Poroşenkonyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary öz içine alýan esasy şertnama gol goýmagyny hem kanuny güýji ýok diýip atlandyrdy. Glazýew Poroşenkonyň Ukrainanyň gündogaryndaky ilat tarapyndan prezidentlige saýlanmandygyny öňe sürýär.

Poroşenko 27-nji iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary öz içine alýan şertnama gol goýdy. Russiýa Krymy anneksiýa edensoň, mart aýynda Kiýew bilen Ýewropa Bileleşigi gürrüňi gidýän şertnamanyň syýasy bölegine gol goýupdylar.

Gürrüňi gidýän şertnama Russiýa tarapyndan ýiti garşylyk görkezilýärdi.

XS
SM
MD
LG