Sepleriň elýeterliligi

Braýtman kosmos üçin taýýarlyklara sentýabrda başlaýar


Britaniýaly aýdymçy Sara Braýtmanyň (Sarah Brightman) 2015-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyna syýahatçy hökmünde amala aşyrjak uçuşy üçin awgust ýa-da sentýabr aýlarynda taýýarlyklara başlamagy planlaşdyryldy.

Russiýanyň Kosmonawtlary türgenleşdirýän merkeziniň müdiri Ýuriý Lonçakow 27-nji iýunda žurnalistlere beren maglumatynda Braýtmanyň halkara ekipaž bilen Gagarin adyndaky kosmonawtlary türgenleşdirýän merkezde sapara taýynlanjakdygyny aýtdy.

53 ýaşyndaky Braýtman Endrýu Loýd Webberiň (Andrew Lloyd Webber) "Phantom of the Opera", ýagny “Operanyň fantomy” atly eserinde baş roly ýerine ýetiren tanymal soprano, ýagny iň belent zenan sesidir.

Maglumata görä, ol kosmosa amala aşyrjak 10 günlük bu sapary üçin 50 million amerikan dollaryndan gowrak pul töleýär. Braýtman kosmosda aýdym aýdan ilkinji professional aýdymçy bolmagy umyt edýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG