Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: G.d Ukrainadan gaýdýanlar artýar


Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça edarasy (UNHCR) Ukrainanyň gündogarynda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy netijesinde geçen hepdäniň dowamynda sebitdäki 16 müň 400 adamyň öz öýlerini terk edendigini habar berýär.

Guramanyň soňky maglumatlarynda Ukrainanyň çäginde bir territoriýadan başga bir sebite göçen adamlaryň sanynyň 54 müňe ýetendigi bellenilýär.

BMG-niň bosgunlar boýunça edarasynyň metbugat wekili Melissa Fleming Ženewada žurnalistlere beren maglumatynda gulluk “Ukrainanyň içinde adamlaryň ýerini üýtgetmekleriniň ýiti derejede artandygyny görýär” diýdi.

Şeýle-de, Fleming şu ýylyň dowamynda häzire çenli 110 müň adamyň Ukrainany terk edip Russiýa gidendigini, olaryň diňe 9 müň 500 sanysynyň bosgunlyga ýüzlenendigini sözüniň üstüne goşdy.

Flemingiň sözlerine görä, Ukrainadan başga-da 700 adam Polşa, Belarusa, Çehiýa respublikasyna we Rumynýa gaýdypdyr.

XS
SM
MD
LG