Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Žurnalist polisiýa çagyryldy


Özbegistanda tanymal garaşsyz žurnalist emläkleri ýykylan jaý eýelerine berilmeli döwlet kompensasiýasy barada makala çap etmeginiň yzýany, ýurduň polisiýasy tarapyndan çagyryldy.

Okyjylarynyň arasynda Sid Ýanyşew lakamy bilen tanalýan Said Abdurahymow özüniň 26-njy iýunda Daşkentiň polisiýasy tarapyndan çagyrylandygyny aýtdy.

Abdurahymowyň sözlerine görä, ofiserler žurnaliste ýerli ýaşaýjylaryň bir toparynyň ony sebitiň içeri meselelerine goşulyşmagy bilen aýyplap, oňa garşy kanuny taýdan iş gozgandygyny aýdypdyrlar.

Abdurahymowyň garşysyna gozgalyp bilinjek resmi aýyplamanyň nämedigi barada henize çenli takyk maglumat ýok.

Abdurahymow gürrüňi edilýän meseläni köpçülige aýan etmek tagallasy bilen ençeme ýerli ýaşaýjylaryň özünden bu problema barada makala ýazmagyny haýyş edendigini aýtdy.

Daşkendiň Şaýhantaur etrabynda täze garaýoly gurmak maksady bilen ençeme hususy jaýlar ýykylypdy.

Emläkleri ýykylan jaý eýeleri resmileriň talabalaýyk kompensasiýa bermändigini aýdyp, şikaýat edipdiler.

XS
SM
MD
LG