Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Kiýew, Tbilisi we Kişinew ylalaşyk baglaşdy


Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (o), Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy J.Baroso (ç) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti H.Rompui (s), Brussel, 27-nji iýun, 2014.
Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (o), Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy J.Baroso (ç) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti H.Rompui (s), Brussel, 27-nji iýun, 2014.

Ukraina, Gürjüstan we Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen Brýusselde möhüm ykdysady we syýasy ylalaşyklara gol çekdiler.

Ukraina Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady gatnaşyklary ýakynlaşdyrmak barada ylalaşyk baglaşdy, Moldowa we Gürjüstan bolsa ykdysady hem syýasy gatnaşyklary ýakynlaşdyrmak barada ylalaşyklara gol çekdiler.

Bu waka üç ýurduň Orsýetden daşlaşyp, Günbatar bilen ýakynlaşmagynda öňe uly ädim boldy.

Ýewropa Geňeşiniň prezindeti Herman Wan Rompui “Geljekki nesiller bu güni ýatda saklarlar” diýdi we Ýewropa Bileleşiginiň indi bu üç ýurda ozalkysyndan has berk arka durýandygyny aýtdy.

“Hiç kime garşy däl”

Rompui we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Mauel Barroso ylalaşyklaryň Orsýete zyýan ýetirmek maksadyny göz öňünde tutmaýandygyny bellediler.

Barroso ÝB-niň üç ýurt bilen eksklýusiw, ýagny aýratyn hyzmatdaşlygy gözlemeýändigini aýtdy we ylalaşyklaryň hiç kime garşy däldigini nygtady.

Barroso öňde duran maksatlar barada şeýle diýdi: “Öňde duran maksatlar ähmiýetli. Assosiasiýa barada ylalaşyklaryň esasy maksady – ýaran ýurtlarymyzyň öz reformalaryny amala aşyrmagyna, öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmegine ýardam bermekden ybarat”.

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili Ýewropa maşgalasyna agza bolmagyň Tbilisiniň “sarsmaz islegi” bolandygyny aýtdy.

Garibaşwili 27-nji iýunda bolan gol çekişligi “uly syýahatyň başlangyjy” diýip atlandyrdy.

Moldowanyň premýer-ministri Lurie Leança ylalaşygyň öz ýurdy üçin “gelejegi” hödürleýändigini aýtdy. Ol Moldowanyň saýlap alan “gutarnykly” ýolunyň Ýewropa bilen intergrasiýa tarap barýandygyny tekrarlady.

Ukraina üçin “möhüm gün”

Ukrainanyň prezidenti Petr Poroşenko ylalaşyga gol çekmegiň öz ýurdy üçin Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolunaly bäri, belki-de “iň möhüm gün” bolandygyny belledi.

Poroşenko Ukrainanyň soňky aýlarda öz Ýewropa arzuwyny hakykata öwürmek üçin mümkin bolan iň ýokary bahany töländigini aýtdy.

Şeýle-de ol Ukrainanyň, haçan-da muňa “doly taýýar bolanda”, Ýewropa Bileleşigine goşulmak maksadyny yglan etdi.

Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ylalaşyga gol çekmekden çürt-kesik boýun gaçyrmagy ýurtda geçen ýylyň noýabr aýynda Ýewromaýdan protestlerini tutaşdyrdy we fewral aýynda onuň wezipesinden çekilmegine getirdi.

Petr Poroşenko ylalaşyga gol çekmek üçin eline galam alyp, bu galamy noýabr aýynda Wilnýusda ÝB-niň sammitinde Ýanukowiçiň öz eline almagyna garaşylandygyny aýtdy.

“Taryhy wakalardan gutulyp bolmaýar” diýip, Poroşenko munuň bilen baglanyşykly öz pikirini beýan etdi.

Mart aýynda ÝB bilen Kiýew Orsýeň Krymy anneksiýa edenden soň özara assosiasiýa ylalaşygyna gol çekdiler.

Ykdysady bähbitler we böwetler

Brýussel Kişinew we Tbilisi bilen syýasy hem söwda boýunça ylalaşyklara şu ýylyň aýagynda gol çekmegi planlaşdyrypdy, emma, uzaga çekdirilse, onda Moskwanyň bu işe päsgel bermeginden heder edip, gol çekişligi tizleşdirdi.

Ozalky sowet giňişliginde öz Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döredýän Orsýetiň bu ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň öňünde söwda ugrundan böwetleri döretmek arkaly negatiw jogap berjekdigi çaklanylýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 27-nji iýunda eden çykyşynda, eger üç öňki sowet respublikasynyň ÝB bilen gol çeken ylalaşygy Orsýetiň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirse, Moskwanyň çäre görjegini ýene gaýtalady.

XS
SM
MD
LG