Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç ýurt ÝB ylalaşygyna gol goýdy


Brýüsselde Ukraina, Gürjüstan we Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady we syýasy ylalaşyga gol çekdiler.

Ukraina Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary öz içine alýan şertnama gol goýdy. Moldowa we Gürjüstan bolsa Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn ykdysady we syýasy gatnaşyklary öz içine alýan şertnama gol goýdular. Bu çäre Russiýadan daşlaşyp, Günbatara ýakynlaşmak dogrusynda gürrüňi gidýän üç ýurt üçin hem ädilen uly ädim diýmegi aňladýar.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý (Herman Van Rompuy) “bu güni gelejek nesil ýatlar” diýdi. Wan Rompuý we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Hose Manuel Barroso (Jose Manuel Barroso) şertnamanyň Russiýa zyýan ýetirmek maksatly däldigini nygtadylar.

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili Ýewropa maşgalasynyň bir agzasy bolmaklyk Gürjüstanyň “sarsmaz islegi” diýdi. Moldowanyň premýer-ministri Iurie Leança (Iurie Leanca) bolsa, şertnamanyň ýurduna “geljegi” hödürleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG