Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: Müňlerçe adam ýöriş geçirdi


Owganystanda 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlary döwründe galplyklaryň bolandygy barada kandidat Abdullah Abdullahyň öňe sürmeleri sebäpli owgan paýtagty Kabulda birnäçe müň protestçi ýöriş geçirdi.

Demonstrantlar Kabulyň töweregindäki birnäçe territoriýada ýygnanyşdylar. Ýörişleriň iň ulysy prezident köşgüniň öňünde bolup geçdi.

Ýörişlerde protestçiler “Galplyga ölüm” we “[Prezidentlige dalaş edýän Aşraf] Gana ölüm” diýen şygarlary gygyrdylar. Şeýle-de, olaryň käbirleri Abdullah bilen ilteşikli “Jamiat-e-Yslam” partiýasynyň baýdaklaryny galgatdylar.

Abdullah we onuň iki kömekçisi Mohammad Han we Mohammad Mohakek protestlere gatnaşdylar. Bu protestler mundan bir hepde öň başlap, olar parahatçylykly ýagdaýda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG