Sepleriň elýeterliligi

G.Artykow: Satira ýaşar ýaly durmuş görnenok


Syýasy karikatura, Ukraina, 27-nji ýanwar, 2014. Awtor Ýewgeniýa Oleýnik.

Syýasy karikatura, Ukraina, 27-nji ýanwar, 2014. Awtor Ýewgeniýa Oleýnik.

Gennadiy Artykow "Satira we satiranyň hili jemgyýetdaki ýagdaýy suratlandyrýar” diýýär. Orsýetde ýaşaýan hudožnik, käri boýunça kinorežissýor, karikaturaçy Gennadiý Artykow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde satiranyň jemgyýetdäki roly, durmuşdaky ähmiýeti barada öz garaýyşlaryny beýan etdi.

Azatlyk Radiosy: Gennadiý, satira jemgyýetde, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda nähili rol oýnap biler?

Gennadiy Artykow: Satirany hem ýaňsy hökmünde, hem dil ýetirme, göwne degme hökmünde kabul edip bolýar. Aýdaly, eger adam satirany pozitiw kabul edýän bolsa, şeýle adama özüne göwni ýetýän kadaly adam hökmünde garalýar. Emma adamlaryň satirany özüne kemsitme hökmünde kabul etmegi-de kadaly ýagdaý, sebäbi her kim bar zady özüçe kabul edýär, adamlar bir-birinden tapawutlanýarlar. Ine, aýdaly, men şu gün kimdir biriniň portretini çekenimde, biri ony halaýan bolsa, beýlekisi öz üstünden gülme hökmünde kabul edýär, kemsinýär. Emma bu ýerde hudožnigiň özi-de kemsinýär. Sebäbi onuň eden işi deň derejede hemme kişiniň göwnünden turmaýar, ony ýaňsylaýanam, kemsidýänem tapylýar, ondan öýkelän hem bolýar. Ine, şeýle ýagdaýyň özi-de eýýäm ironiýa diýse bolar. Şeýlelikde ironiýanyň, ýagny ýaňsynyň bar ýerinde satira döreýär.

Azatlyk Radiosy: Gennadiý, satira barada döredijilik hökmünde gürrüň edilende, satiranyň, ironiýanyň we kemsitmäniň arasynda çäk çekip bolarmy?

Gennadiy Artykow: Hudožnikler, döredijiler asyrlar boýy öz hünäriniň gurbany bolupdyrlar, adamlar satiranyň hatyrasyna gurban edilipdirler. Dürli döwürlerde hökümdarlary, ili güldürmek üçin adamlar hatda şikesli edilýärdiler, öldürilýärdiler, ýagny jemgyýetleriň özleri döredijiligiň hilini kesgitleýärdi. Bu günki günem ýagdaý üýtgänok, 21-nji asyrda-da hakyky döredijilik köpçülik tarapyndan ykrar edilmeýär. Emma ironiýa kabul edilmese, durmuşa satira, ýumor bilen garalmasa, ýaşamak örän agyr bolýar.

Azatlyk Radiosy: Satiranyň orun tutmagy, onuň hili, siziň pikiriňizçe, jemgyýetiň derejesini görkezýärmi?

Gennadiy Artykow: Şübhesiz, ine, şu gün interneti açsaňyz, syýasatçylary ýaňsylap çap bolýan zatlary, meselem Putini faşist edip görkezýän suratlary görmek mümkin, bu satiramy ýa-da onuň üstünden gülme diýen sorag ýüze çykýar. Meniň şahsy pikirime görä, şeýle maglumatlar satiriki häsiýete mahsus hem bolsa, satira däl. Şu günki gün internetde bar bolýan satiriki maglumatlar jemgyýetiň derejesini, meselem, Orsýetde bolup geçýän ýagdaýlary görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Syýasy satira barada aýdylanda, satiranyň islendik döwürde islendik režimlerde öz roly bolupdyr. Sowet döwründe-de satiranyň öz orny bardy. Emma şu günki Türkmenistanda satira sowet döwrüne mahsus çäkli derejede-de saklanyp galmady. Bu ýagdaý, siziň pikiriňizçe, nämäniň alamaty?

Gennadiy Artykow: Gynansak-da, şu günki gün Türkmenistanda bolup geçýän zatlary orta asyrlara mahsus diýip atlandyrmak mümkin. Türkmenistanda 21-nji asyra mahsus ösüş göze ilmeýär. Ösüş üçin şertler göze ilmeýär. Şu günki gün Türkmenistanda agirt uly gurluşyklar amala aşyrylýar, paýtagt iňňän owadan şähere öwrülýär, emma ol ýerde adam we onuň ähmiýeti ýok, janly durmuş göze ilenok, gynansak-da, ýurduň ýapyklygy muňa sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG