Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Mal iými hem gyt, hem-de gymmat"


Öri meýdandaky sygyrlar.
Öri meýdandaky sygyrlar.

25-nji ýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze maldarçylyk toplumy açyldy. 9 gektar ýerde gurlan bu toplumyň kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerine, 30 müň tonna et önümçiligine barabar, diýip türkmen metbugatynda bellenilýär.

Maglumatda bu toplumyň ygtyýaryna ot iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin 400 gektar meýdan bolup, onda ýorunjanyň, mekgejöweniň we arpanyň ekilendigi, hojalygyň geçileri üçin ot iýmleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi aýdylýar.

Emma ýurduň käbir beýleki sebitlerinde bolsa, maldarçylyk bilen meşgullanýan käbir ýaşaýjylar döwlet tarapyndan satylýan mal iýmlerini almakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan 35 ýaşly öý hojalykçy zenan Sabyr Gurbanowa bu meselede ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:17 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG