Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


El.
El.

“Ertir.com” sosial ulgamynda Ezraýyl atly agza tarapyndan gozgalan “Doktorlara janyňy ynanyp bolarmyka?” atly tema 27-nji iýuna çenli jemi 1275 sapar okalyp, 36 gezek hem halanypdyr. Şeýle-de bu tema 147 sany hem teswir ýazylypdyr.

Ezraýyl atly bu agza öz temasynda ýakynda enesiniň doganynyň aradan çykandygyny, muňa hem belli bir derejede doktorlaryň ýalňyş diagnoz goýup, ýalňyş sanjym etmeginiň sebäp bolandygyny belleýär. Ol öz temasynda süýji keseli bolmasa-da, süýji keseli bar diýlip, enesiniň doganyna şol keseliň sanjymynyň edilendigini, bu sanjymyň hem ters täsir edip, enesiniň doganynyň biwagt ýogalmagyna sebäp bolandygyny gürrüň berýär.

Ulgamyň agzasy öz maşgalasynyň başyndan geçen pajygaly waka barada şeýle gürrüň berýär: “Ýurdumyzdaky doktorlaryň köpüsi şeýle, edýän işini, keseli anyklap bilenoklar. Iň bärkisi medinstituty tamamlap, işe gelýän täze doktorlar hassanyň damaryny tapman, elleri sandyraşyp, sanjym edýärler. Diňe doktorçylyk däl, köp edaralar şeýle, mysal üçin, “MTS”, “Tm Cell”, “Poçta”, “Telecom”, “AŞTU” ýaly edaralaryňam, wokzalyňam kassalary adamlar bilen doly düşünişip, adamlary doly derejede razy edip goýberip bilmeýärler. Bu-da işe alynýanlaryň köpüsiniň işini doly bilmeýänliginden. Şol garyndaşymyz aradan çykansoň, doktorlara bolan ynam gaçdy”.

Ezraýyl atly agzanyň bu aýdýanlaryny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Bu tema ilkinji bolup teswir ýazan Kerki atly agza: “Bir doktor yalňyşany bilen hemme doktorlar zat bilmeýän bolmaýar-a, dostum. Özüm doktor, nesip etdiginden. Hemmesi zat bilmeýän bolsa, onda biz bu wagt ölüp gitmeli, gowy tejribeli, işine ökde doktorlar bar bolany üçin bu wagt biz ýaşaýarys” diýip, bu ugurdan öz pikirini galdyrypdyr.

Garadangaýtmaz atly agza Kerki bilen jedele girip: “Türkmenistanda okaýan bolsaň, sendenem doktor bolmaýar, edil kakaň ýa ataň doktor bolaýmasa, bagyşla welin… daşary yurdy welin, bilemok..” diýip, birneme ýaňsyly jogap ýazypdyr.

Türkmenistanda lukmançylyk ugrundan okaýan Kerki atly agza bu jedeli dowam etdirip, öz geljekki käriniň hormatyny goramaga çalşypdyr we ýene şeýle diýipdir: “Ony her kimiň özi bilýändir. Hawa, Türkmenistanyň [okuw jaýyny] gutaryp barýaryn, [ýöne] daşary ýurduň medisinasyny gutaryp gelen islendik adam bilen medisina tarapdan jedele girişip biljek”.

Kerki atly agzanyň bu jogabyna Igdir atly agza: “Türkiyäniň “Cerrah Pasha” (Jerrahpaşa) uniwersitetini gutaran bilen medisina ugrundan jedel edip gör hany. Yzyňy tapmaz ýaly edäýer. Eşidip gördüňmi şeýle uniwersiteti?” diýip, sorapdyr.

Atakaka atly agza bolsa: “Haýsy stadiona nädip barmaly diýip sora, taparlar” diýip, bu temadan öz ýaňsyly garaýyşyny bildiripdir. Atakakanyň garaýşyny goldap, Error_in_my_head atly agza-da: “Ana-ana, awtor bu zatlaň sebäbi... Haçan görseň, çäreden-çärä, olar okuwyny tamamlaýança, ilki özleri maýyp boljag-a. Şo çärä barýan biçäreleri görsem, men-ä gynanýan” diýip, bellik edipdir.

Teswirleriň aglabasynda häzirki döwürde lukmanlaryň köpüsiniň öz işlerini bilmeýändigi bellenilse-de, Atas.95.95 ýaly käbir agzalar: “Erbedem bolsa, gowam bolsa, şol lukmanlar hökmany gerek” diýip, bu meselä birneme başgaça garamaga çalşypdyrlar.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa, “Türkmen sungat älemi” atly topar tarapyndan paýlaşylan degişme äheňindäki goşgy agzalaryň arasynda gyzyklanma döredipdir. Bu goşguda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “TM Cell” aragatnaşyk ulgamynyň internedi barada gürrüň edilýär. Goşgynyň bir topbagynda şeýle diýilýär:

“Bir görseň işläp dur, bir görseň doňar,
Asla düşünemok, bu neneň bolar,
Sensiz günler ýaşmaz, hiç atmaz daňlar,
Seniň syryň nämededir Internet?!”

Sosial ulgamyň Agaberdi Geldimyradow atly agzasy goşgyny halap, “Berekella!” diýip, teswir galdyrypdyr. Döwlet Muslim atly agza: “Ýalta-laý biziň internedimiz, gowy işlänok, ýogsa, diýen pulunam berýäs welin” diýip, “Tm Cell” aragatnaşyk ulgamynyň hödürleýän internet hyzmaty barada öz tankydy garaýşyny ýazypdyr.

Baýram Hydyrow atly agza bolsa: “Öser, öser bu-da öser” diýip, inçejik umyt bildirse, Daýanç Satlykow atly agza: “Muňa-da şükür” diýip, azda-kände ikuçly ýazgy galdyrypdyr.

XS
SM
MD
LG