Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.
"Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: "Wah, üstünden don bolsa!"
"Baş saglyk" diýp Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder -- "on bolsa".
Magtymguly
Adam diýgen garynja deý bor eken:
Şam-u-säher daşar eken içerik,
Çanaklapmy, bedreläpmi, haltalap,
Boş gelmäge uýalyp hem kiçelip.
Aýak asty haly, diwarlar haly,
Kürsüler, diwanlar - geçere ýol ýok.
Her gezek: "Bes edäý" - ýalbarýa nebis,
Şeýtan dürtýä: "Ýok, ýok, heniz bolanok".
Şeýdip, ýene ýükli gelýä maşynlar,
Öý beýlede dursun, balkon dar gelýä!
Naz-nygmatdan ýana aşöýde ýer ýok,
Ýene hurma, injir, üzüm, nar gelýä.
Äpet telewizor her otagda dur,
Hat-da hajathana biri ýetipdir!
Dogandan-gardaşdan, dost-ýardan mahrum,
Baýlygyň içinde adam ýitipdir!
Harammy, halalmy - Ýokarky bilýä,
Onuň aladasy bize galypmy?
Çybyn bolsun, ýuluk bolsun, parhy ýok -
Ýarylýança soranda-da ganypmy!
Sopbaş gelen sopbaş gider ekeni,
"Agaç at" artykmaç ýüke bolanok.
Baýlyk şindizem dur öňki ýerinde,
Diňe o döwletiň hojaýyny ýok…
26.12.2009 ý.