Sepleriň elýeterliligi

Taryhçy I Jahan Urşunyň sapaklary barada


Ofiserler Frans Ferdinandyň janyna kast eden serb milletçisi Gawrilo Prinsipi tutýarlar. Saraýewo, 28-nji iýun, 1914.

Ofiserler Frans Ferdinandyň janyna kast eden serb milletçisi Gawrilo Prinsipi tutýarlar. Saraýewo, 28-nji iýun, 1914.

I Jahan Urşunyň turmagynyň sebäpleri barada taryhçy alym Hristofer Klarkyň ýazan “Basyrganýanlar ýa-da 1914-nji ýylda Ýewropanyň urşa goşulmagy” atly kitabyna “The New York Times” gazeti tarapyndan şa eser diýlip at berlip, bu kitap köp sanly Ýewropa döwletlerinde “best seller”, ýagny iň köp satylan kitap hökmünde ykrar edilipdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Dragan Stawliýanin awstraliýaly akademik bilen söhbetdeşlik geçirdi. Hristofer Klark häzirki wagtda Kembrij uniwersitetinde “Ýewropanyň taryhyndan” sapak okadýar.

Azatlyk Radiosy: Eger-de 1914-nji ýylyň 28-nji iýunynda Saraýewoda Frans Ferdinandyň we onuň aýalynyň janyna kast edilmedik bolsady, onda Birinji jahan urşunyň öňi alnarmydy? Köp sanly taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, (şol döwürlerde) iru-giç käbir çaknyşyklaryň bolmagyna garaşylýan ekeni. Siz nähili pikir edýärsiňiz?

Hristofer Klark: Eger-de olaryň janyna kast edilmedik bolsady, onda Frans Ferdinand we onuň aýaly öz öýlerine, ýagny Wena sag-salamat dolanyp barardylar. Ol o diýen bir oňat adamam däldi, ýöne her niçik-de bolsa, ol Balkan ýurtlarynda, aýratynam Serbiýada islendik harby hereketiň amala aşyrylmagyna turuwbaşdan garşydy. Ferdinand serbleri halamaýardy, şeýle-de ol Balkan ýurtlaryndaky adamlara jynsparaz çemeleşýärdi.

Taryhçy Hristofer Klark

Taryhçy Hristofer Klark

Aslynda günbatar ýewropalylaryň ählisi diýen ýaly Balkan ýurtlarynyň halklaryna şeýle göz bilen garaýardy. Ýöne şonda-da Frans Ferdinand Serbiýada güýç çaknyşyklarynyň amala aşyrylmagyna garşydy. Şonuň üçinem ol çaknyşyklaryň prowosirlenmegine ýa-da Belgrad bilen Wenanyň arasyndaky meseleleri çözmekde harby güýjüň ulanylmagyna garşy durdy.

Biz ýene-de bir zady bilýäris, ýagny Frans Ferdinand şol wagtlar Konrad fon Hoýzendorfy wezipeden boşatjak bolýar. Fon Hoýtzendorf hakykatdanam gaharjaň we urşa meýilli generaldy. Ol şol wagtlar Awstriýanyň goşunynyň serkerdebaşysydy we 20 gezek dagy Serbiýa bilen uruşmagy teklip edipdi. Ol “urşalyň” diýip üznüksiz gaýtalap ýörensoň, adamlar oňa gulak asyp başlaýarlar. Ol çyndanam howply adamdy.

Ferdinand bilen fon Hoýtzendorf biri-birinden düýpgöter tapawutly adamlardy. Wagtyň geçmegi bilen olaryň arasyndaky düşünişmezlikler has hem möwjäp başlaýar. Şonuň üçinem Frans Ferdinand ony işden boşatjak bolýar. Fon Hoýtzendorw Redl dawasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup, öz abraýyny has hem pese gaçyrýar. Özüňizem bilýänsiňiz, polkownik Redl ýurduň tutuş mobilizasiýa programmasyny orslara satypdy. Sebäbi orslar onuň gomoseksualdygyny bilensoň, bu adam meselesinde haýýarlyga ýüz urupdylar.

Şu wakalaryň hemmesi Konrad fon Hoýtzendorfyň töwereginde bolup geçýär. Döwürdeşleri 1914-nji ýylda oňa eýýäm güýçden gaçan adam hökmünde garap başlaýarlar. Sebäbi ol özüniň bar güýjüni ýitirýär we Frans Ferdinand tarapyndan wezipeden boşadylmaga golaýlaýar.

Jana kast edişlik barada gürrüň etsek, bu meselede bellenilmeli iki ýagdaý bar, ýagny Frans Ferdinandyň janyna kast edilmegi diýmeklik, şol döwürde parahatçylyk üçin göreşýän iň güýçli adamyň öldürilmegi diýmekdir, beýleki bir tarapdan bu ýagdaý urşa teşne fon Hoýtzendorfyň täzeden güýç toplamagy diýmeklikdir.

Azatlyk Radiosy: Onda urşuň ýüze çykmagynyň düýp sebäpleri nämede? Sistemanyň özünde çaknyşyklar döräp başlamanmydy näme?

Hristofer Klark: Geliň, hamana, uruş bolmanmyşyn diýip göz öňüne getirip göreliň. Ýöne şonda-da çözülmeli meseleler şonlugyna galardy. Mysal üçin, 20-nji asyryň belli bir döwründe biz polşalylar meselesini, ýa-da bolmasa günorta slawýanlar meselesini çözäýmelidik. Şonuň üçinem barybir çaknyşyklar dörärdi.

Bilýäňizmi, mysal üçin awstriýalylar we wengerler öz aralaryndaky meseleleri iki tarapa-da bähbitli bolar ýaly edip çözüp bilerdiler ýa-da, aýdaly, olar milli irrendentizmiň [Irrendentizm: Taryhy fakt hökmünde öňe sürülýän “hakykatlary” ýa-da etniki aýratynlyklary bahanalap, başga döwletiň territoriýasyny anneksiýa edip, ýagny basyp alyp, özüňkä goşmaga synanyşmak meýli. Bu ýagdaý köplenç milletçilikli hyjuwlar bilen çişirilýär] öňüne geçmek bilen käbir meseleleriň hötdesinden gelip bilerdiler. Ýöne her niçik hem bolsa, bu ýagdaýlar Ýewropada uruş oduny “ýangyna sebäp boldy” diýilýän waka ýaly güýçli tutaşdyryp bilmezdi. Ynha, esasy mesele-de şol.

Azatlyk Radiosy: Frans Ferdinandyň janyna kast edilmegi bilen 1914-nji ýylda dartgynlylyk gitdigiçe möwjeýär. Dartgynlylygyň soňy Birinji jahan urşuna ýazýar. Siziň pikiriňizçe, Ýewropanyň şol derejä ýetmegine kim jogapkär?

Hristofer Klark: Soňlugy bilen güýçli ýewropa döwletleri öz-özlerine özboluşly “göwni ýetmeklik” duýgusy bilen garap başlaýarlar we olar biri-birleriniň bähbitlerini depeläp, öz bähbitleri üçin heläkçilikli çaknyşyklara razy bolup başlaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda ýagdaýa kim jogapkär? Germaniýamy?

Hristofer Klark: Golaýda bir dostum maňa edil şu sorag bilen ýüzlendi. Ol maňa: “Gel, jogapkäriň kimdigi baradaky ähtimallyklaryň göterimine has ýakyndan syn edip, jogapkärçiligi Germaniýanyň, Fransiýanyň we Orsýetiň we beýlekileriň arasynda bölüşdireli” diýdi.

Meniň pikirimçe, eger-de biz “iýul krizisniň” maňzyna içgin syn etsek, onda hemme zada jogapkärçiliksiz wada, ýagny “boş çek” [Redaktoryň belligi: Boş çek – Germaniýa Wenany soňuna çenli goldamagy wada berýär] sebäp boldy diýip bileris. Iýul krizisi jana kast edişlik bilen prowosirlenýär. Ýene-de bir bellemeli zat – orslaryň mobilizasiýasy.

Meniň pikirimçe, awstraliýalylaryň uruş jarnamasy ýagdaýa has hem meçew berýär. Ýöne, bilýäňizmi, hemme zada “iýul krizisi” sebäp boldy diýip bilmeris. Iýul krizisi jana kast edişlikden soňra ýüze çykýar. Ýöne onsuzam, entek jana kast edişlik bolmanka-da Balkan ýurtlary bulaşypdy. Biziň gürrüňini edýän wakamyz entek bolmanka-da halkara ýagdaýlar durnuksyzlaşypdy we şol döwürde “parahatçylyk” diýilýän zadyň özi halkara derejesinde eýýäm ölüm halyndady.

Parahatçylygyň gowşamagyna getiren sebäpler barada gürrüň etsek, ýagdaý has hem çylşyrymlaşýar. Munuň aňyrsynda güýç manipulýasiýasy, ýagny “güýç mekirligi” diýilýän faktorlar ýatyr. Fransuzlar orslara näme töleýärlär? Näme üçin 1913-nji ýylda fransuzlar ykdysady we maliýe taryhynda görlüp-eşidilmedik möçberdäki puly orslara karz bermäge razy boldy?

Agzalýan karzlar iň uly möçberli halkara karzlar hökmünde kabul edilýär. Bu karzlar iki million 800 müň adamdan ybarat bolan rus armiýasynyň ösdürilmegine we dört taraply, geosyýasy taýdan strategiki ähmiýete eýe bolan demirýoluň nemes frontuna çenli çekilmegine ýardam edýär. Beýdip, parahatçylygy saklap bolmajakdygy belli zatdy.

Azatlyk Radiosy: 19-njy asyrda Napoleonyň ýeňilmegi bilen ýewropanyň güýçli döwletleriniň arasynda belli bir wagta çenli durnuklylyk saklanylýar. Soňra Germaniýa ösüp başlaýar. Häzirki halkara ýagdaýlardan hem görşümiz ýaly, haçan-da bir döwlet ösüp, beýleki döwlet ejizläp başlasa, geosyýasy ýagdaýlaryň durky üýtgeýär we ol gümürtikleşýär. Siz bu wakalarda häzirki halkara ýagdaýlar bilen meňzeşlik görýärsiňizmi?

Hristofer Klark: Ynha, hut şu ýagdaý “1914-i” häzirki döwre laýyk hala getirýär. Biziň häzirki ýaşaýan dünýämiz 1914-nji ýyla gaty meňzeýär. Men bu zatlar barada ilkinji okanymda, ýagny bu ugurdan sapak geçenimde, has takygy 70-nji ýyllarda dünýäde entek Sowuk uruş dowam edýärdi. Şol döwürler biziň üçin “1914” hamana Gadymy Müsür ýalydy.

Biziň üçin gaty geňdi – dünýäniň polýar köpdürliligi, güýçleriň göterilmegi, peselmegi we ş.m zatlar. Ýöne häzirki gün dünýädäki ýagdaýlar edil şol döwürdäki ýaly. Ukrainadaky krizisiň ýüze çykmagy bilen biz soňky birnäçe hepdäniň dowamynda şeýle meselelerde ortalyk çözgüt tapmak üçin ÝB-e girýän döwletleriň öz agyzlaryny birikdirip bilmeýändigine göz ýetirdik.

Bu meniň şahsy pikirim we bu ýagdaýlar, göwnüme bolmasa, “1914” bilen aýakdaş barýar. Krizise diňe Wladimir Putiniň güýç oýunlary sebäp bolmady, eýse muňa krizisiň özüniň çylşyrymlylygy sebäp boldy. Meniň hiç kimi günäkärläsim gelenok ýöne Ukrainadaky durnuksyzlyga ÝB-niň özüni alyp barşy hem sebäp boldy.

Azatlyk Radiosy: Birnäçe etniki toparlardan düzülen döwletlerde milletçiligiň täsir güýjüni deňagramlaşdyrmak kyn. Balkan ýurtlaryndaky käbir milletler, şol sanda serbler häli-şindi “Ýugoslawiýanyň bölünmegi peýdaly boldumy, zyýanly?” diýip çekeleşip gelýärler. Imperiýalaryň we federasiýalaryň “bir milletli döwlet” görnüşine garaýşy barada siziň şahsy pikiriňiz nähili?

Hristofer Klark: Men bir zady aýtmaly, ýagny men Ýugoslawiýany halaýardym. Men Çehoslowakiýany hem halaýardym. Men Beýik Britaniýany hem halaýaryn. Meniň pikirimçe, şotlandlar Angliýadan aýrylmaly däl. Men federatiw çözgüde has ynamly diýip garaýaryn. Bu ajaýyp. Ýugoslawiýanyň Ýewropa Bileleşigine girizilmegini göz öňüne getirmek kyn däl.

Muny hatda Balkan ýurtlary bilenem amala aşyryp bolýar. Serbiýa haçanam bolsa bir gün Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolar diýip umyt edýärin. Ýöne meniň aýtjak bolýan zadym “federatiw struktura” adamzat üçin, onuň ösmegi üçin örän peýdaly. Meniň pikirimçe, “bir milletli döwlet gurluşy” adamzada üýtgeşik peýda getirmedi. Aýratynam bu struktura nemeslere peýda getirmedi.

Olar çydaman “hemmäni gyrmaly” diýen netijä gelenlerinde, bu gurluş nemesler bilen goňşuçylykda ýaşamaga mejbur bolan halkara-da peýda getirmedi. Gysgaça aýdanymyzda, bu struktura Ýewropanyň syýasy gatnaşyklarynda oňyn çözgüt bolup bilmedi.

Azatlyk Radiosy: Biz bu günki gün Birinji jahan urşundan nähili sapak almaly?

Hristofer Klark: Biz “öňümizdäki urşy 18 aý öňünden çaklap bileris, onuň öňüni almaga wagtymyz köp” diýip arkaýynlaşmaly däl. Bu belki-de beýle bolmaz. Bilýäňizmi, mysal üçin biz Ukrainada krizisi başdan geçirdik. Şonda Orsýetiň, ÝB-niň we ABŞ-nyň gatnaşyklarynyň näderejede duýdansyz üýtgändigine şaýat bolduk. Ýa-da bolmasa birnäçe aý mundan ozal Hytaý deňzinde dörän çykgynsyz ýagdaý, ýagny Hytaý gämileriniň käbir wetnam fregatlaryny (kiçi harby gämilerini) kakmagy iki döwletiň gatnaşyklaryna zeper ýetirdi.

Ýagdaýlar örän gysga wagtyň içinde ýaramazlaşyp bilýär. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, bu ýagdaýdan biziň almaly sapagymyz: erbet zatlar mydama-da bolagan bolýar, ýöne biz aňrybaş hüşgär hereket etmeli. Biz söweşi öňünden çaklamak bilen meşgul bolmaly däl, eýse onuň alamatlaryny öňünden saýgaryp, nähili strukturany ulanyp ýaragly çaknyşyklaryň öňüni alyp bileris diýen düşünje bilen gümra bolmaly.

XS
SM
MD
LG