Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Bolgariýanyň haýyşyny tassyklady


Ýewropa Komissiýasy Bolgariýanyň ýaramaz ýagdaýdaky bank ulgamyna goldaw bermek maksady bilen ýurda beriljek karz pul möçberini 2,3 milliard amerikan dollaryna çenli giňeltmek barada Sofiýanyň eden haýyşyny tassyklady.

Bu karar bir hepdäniň dowamynda esasy iki täjirçilik bankyň maýadarlary tarapyndan Bolgariýanyň maliýe durnuklylygy barada aladalanmalar malim edilmeginiň yz ýany, amala aşyryldy.

Bolgariýanyň prezidenti Rosen Plewneliýew (Rosen Plevneliev) bolgarlaryň öz süýşürintgileri barada aladalanmaklaryna hiç bir sebäbiň ýokdugyny aýdyp, aladalanmalary gowşatmaga çalyşdy.

Ol 29-njy iýunda geçiren metbugat ýygnagynda ýurduň bank ulgamyny durnuklylaşdyrmak tagallalaryny döwlet edaralaryň we syýasy partiýalaryň doly goldaýandygyny aýtdy.

Bolgariýada ýurduň bank ulgamyny durnuksyzlaşdyrmak üçin dildüwşükde şübhelenilip, bäş adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG