Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda hüjümler dowam etdirilýär


Yragyň güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Tikrit şäheriniň kontrollygyny gaýtadan yzyna almak üçin garşylyklaýyn hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu hüjümler sünnileriň dolandyryjylygyndaky jyhadçylar Yragyň we Siriýanyň ençeme territoriýasyny ele salyp, ol ýerde öz “halyfatyny” yglan eden mahaly amala aşyrylýar.

29-njy iýunda Yragyň harby dikuçarlarynyň pitneçileriň hereket edýän territoriýalaryna hüjüm etmegi netijesinde Tikritiň birnäçe sebitinde çaknyşyklar başlady.

“Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar tarapyndan dolandyrylýan söweşijiler Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly territoriýalary ele salansoň, şu aýyň başynda Tikritiň gözegçiligini hem öz gol astyna geçiripdi.

Bu aralykda, Yragyň hökümeti hüjümleri amala aşyrýan “Suhoý” kysymly uruş uçarlarynyň bäş sanysynyň Russiýadan gelip gowşandygyny aýtdy. Bu dikuçarlar söweşijiler bilen göreşmäge ýardam bermek maksady bilen Yraga ugradylandygy bellenilýär.

29-njy iýunda “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar Yragyň Diýala sebitinden Siriýanyň demirgazygyndaky Alleppo şäherine çenli territoriýany öz içine alýan sebitde öz “halyfatyny” ýa-da “Yslam döwletini” yglan etdi.

XS
SM
MD
LG