Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Söweşijilere garşy hüjümler başlady


Pakistan ýurduň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky tire-taýpalar regiony - Demirgazyk Waziristanda ýerüsti hüjümlerini başlatdy. Bu territoriýa “Talyban” hereketiniň güýçli täsiri astyndadyr.

Pakistanyň armiýasynyň 30-njy iýunda beren maglumatyna görä, Demirgazyk Waziristanyň esasy şäheri Miranşahda öýme-öý derňewler başladylypdyr.

Ýurduň armiýasynyň aragatnaşyk golundan ýaýradylan beýanatyna görä, hüjümler gürrüňi gidýän regiondan ýarym milliona golaý ýaşaýjy ewakuasiýa edilenden soň başlapdyr.

Ýurduň harbylarynyň maglumatynda başlangyç hüjümlerde 15 söweşijiniň öldürilendigi bellenilýär. Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif hüjümleri “parahatçylygyň we asudalygyň täze eýýämynyň başlangyjy” diýip atlandyrdy, emma “Talyban” hereketi bolsa hüjümlere gaýtawul berjekdigine wada berdi.

Pakistanyň armiýasynyň berýän maglumatyna görä, 15-nji iýunda ýurduň Demirgazyk Waziristan sebitinde söweşijilere garşy hüjümler başlaly bäri 380-e golaý söweşiji we howpsuzlyk işgärlerinden 17 sanysy heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG