Sepleriň elýeterliligi

"Kameraçynyň öldürilmegi ýaraşyga garşy"


 Anatoliý Klýan

Anatoliý Klýan

Moskwa Orsýet telewideniýesiniň kameraçysynyň gündogar Ukrainada, atyşygyň bes edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagynyň edil öň ýanynda öldürilmegi Kiýewiň konflikti köşeşdirmek islemeýändigini görkezýär diýýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi kameraçy Anatoliý Klýanyň 30-njy iýunda tüpeňlenmegi Kiýewiň Praga wagty bilen sagat 21.00-da möhleti geçýän ýaraşygyna garşy gelýändigini aýdýar.

68 ýaşyndaky Klýan Donetsk regionynda, Kiýewe tarapdar harby birleşmäniň golaýynda surata düşürip durka tüpeňlenipdir.

Klýany öldüren okuň nireden atylandygy anyk däl.

Ol bu konfliktde öldürilen üçünji rus žurnalisti, umuman alnanda bolsa bäşinji öldürilen žurnalistdir.

Fransuz prezidenti Fransua Olland bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 30-njy iýunda, atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmaga goldaw bermek üçin, ukrain we rus prezidentlerine telefon etmeklerine garaşylýar.

Olar Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine 29-njy iýunda hem telefon etdiler we bu maslahat gepleşigi iki sagatdan gowrak dowam etdi.

Kreml dört lideriň Poroşenkony ýurduň gündogaryndaky ýaraşygy 30-njy iýundan aňryk hem uzaltmaga çagyrandyklaryny aýtdy.

Poroşenkonyň edarasy onuň Putini Orsýetiň öz serhedine gözegçiligi berkitmäge we ýaragly jeňçileriň Ukraina girmeginiň öňüni almaga çagyrandygyny aýtdy.

29-njy iýundaky telefon maslahaty gündogar Ukrainada, howpsuzlyk güýçleriniň orsýetçi separatistler bilen söweşýän ýerinde atyşyklaryň gaýtadan başlanandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Ukrain harbylary hepde ahyrynda Luhansk we Donetsk regionlarynda bäş esgeriň öldürilendigini, azyndan 17-siniň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Gozgalaňçylaryň Donetskde howa-gorag birleşmesini ele geçirip, ol ýerdäki birnäçe gullukçyny ýesir alandygy aýdylýar.

Şu arada, 29-njy iýunda Kiýewde, prezident edarasynyň binasynyň ýanynda birnäçe müň adam toplanyp, atyşygy bes etmegiň ýatyrylmagyny talap etdi.

Demonstrasiýaçylar atyşygy kesmegiň diňe pitneçilere täzeden toplanmaga we gaýtadan ýaraglanmaga wagt, mümkinçilik döredýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de olar Poroşenkodan gündogar Ukrainada harby düzgüni girizmegi, meýletinçi batalýonlara «terrorçylara» garşy söweşmek üçin degerli ýarag bermegi, goşunyň harby operasiýalaryna gatnaşýan gullukçylaryň bolsa sosial kepillikler bilen üpjün edilmegini talap edýärlar.

Merkel Moskwa, eger-de Poroşenkonyň 15 bölümden ybarat parahatçylyk plany ilerlemese, Ýewropa Bileleşiginiň berk çäreleri taýýarlandygyny duýdurdy.

Poroşenkonyň parahatçylyk plany häkimeti merkezsizleşdirmegi, irki ýerli we parlament saýlawlaryny geçirmegi hem öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG