Sepleriň elýeterliligi

Yrak: ISIL “ähli ýurtlara howp abandyrýar”


Yragyň armiýasynyň metbugat wekili Yragyň we Siriýanyň çäginde ele salan territoriýalarynda öz “halyfatyny” yglan eden sünnileriň dolandyryjylygyndaky jyhadçylar halkara howp salýan derejede ulaldy diýýär.

“Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda Kasim Atta (Qassim Atta) “Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topar tarapyndan halyfatyň yglan edilmegi, onuň “ähli ýurtlara haýbat atýandygy barada regiona we dünýä” duýduryş bermegidir diýdi.

Bu aralykda, Yragyň güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Tikrit şäheriniň kontrollygyny “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijilerinden yzyna almak üçin garşylyklaýyn hüjümlerini dowam etdirýärler.

Gürrüňi gidýän topar Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly territoriýalary ele salansoň, şu aýyň başynda Tikritiň gözegçiligini hem öz gol astyna geçiripdi.

29-njy iýunda “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar Yragyň Diýala sebitinden Siriýanyň demirgazygyndaky Alleppo şäherine çenli territoriýany öz içine alýan sebitde öz “halyfatyny” ýa-da “Yslam döwletini” yglan etdi.

XS
SM
MD
LG