Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Kiýew konflikti gowşatmaýar


Moskwa Ukrainada ok atyşlygy bes etmek baradaky kararyň möhleti dolmazdan öň, ýurduň gündogarynda Russiýanyň telewideniýesiniň işgäriniň öldürilmegi Kiýewiň konflikti gowşatmak islemeýändigini görkezýär diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky häzirki karar tamamlanmazdan öň, 30-njy iýunda Anatoliý Klýanyň atylyp öldürilmegi Kiýewiň bu karary gowşadýandygyny görkezýär diýdi.

68 ýaşyndaky Klýan Donetsk regionyndaky Kiýew tarapdary harby bileleşigi wideo ýazga düşürýän mahaly atylyp öldürildi.

Klýany atyp öldüren adamyň şahsyýeti barada henize çenli takyk maglumat berilmedi. Ol Ukrainadaky konfliktlerde atylyp öldürilen orsýetli üçünji, umuman alnanda bäşinji žurnalistdir.

XS
SM
MD
LG