Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Söweşijiler dünýä howp salýar


“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň taradary guramanyň baýdagyny göterýär, Rakka, 29-njy iýun, 2014.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň taradary guramanyň baýdagyny göterýär, Rakka, 29-njy iýun, 2014.

Yragyň goşunynyň metbugat wekili Yrakda we Siriýada basyp alnan giňişliklerde halifat yglan eden sünnüleriň ýolbaşçylygyndaky jyhadçylaryň halkara howpuny döredýändigini aýtdy.

Kassim Attanyň (Qassim Atta) Reuters agentligine aýtmagyna görä, “Al-Kaýda” bilen bagly “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly toparyň halifat döretmegi barada eden beýannamasy hem regiona hem-de dünýä duýduryş bolup, “ähli ýurtlara wehim salýar”.

29-njy iýunda “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar Siriýanyň Halap (Allepo) şäherinden Yragyň Diýala şäherine çenli aradaky giňişlikde yslam döwletini yglan etdi.

Guramanyň bu beýannamasy Yragyň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky we ABŞ tarapyndan goldanylýan hökümetine garşy hereket boldy. Premýer-ministr Nuri al-Maliki milli bütewüligi wagyz etmek boýunça tagallalarynyň şowsuzlygy üçin tankyt edildi.

Söweş dowam edýär

Şol bir wagtyň özünde-de Yragyň goşunlary ýurduň demirgazygyndaky Tikrit şäherini gozgalaňçylaryň elinden almak ugrunda söweşýärler.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri jezalandyrylan diktator Saddam Huseýniň doglan ýeri bolan Tikrit şäherini şu aýyň başyndan bäri Yragyň demirgazyk we günbatar bölekleriniň ençeme ýerini basyp alanlaryndan soň eýeläpdiler.

29-njy iýunda şäheriň dürli böleklerinde çaknyşyklaryň bolandygy we gije howadan zarbalaryň urlandygy habar berildi.

Yragyň hökümeti söweşijilere garşy göreşmek üçin Orsýetden özlerine bäş sany öň ulanylan “Suhoý” atly uçaryň gelip gowşandygyny habar berdi.

Howpsuzlyk resmileri Orsýetden ýene ençeme harby uçaryň getirilmegine garaşylýandygyny aýtdylar.

30-njy iýunda Baiji şäheriniň golaýynda söweşijileriň gizlenýändigi çak edilýän binalara howadan dikuçarlar tarapyndan ok atylmagy zerarly alty parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi we ondan gowrak adamyň ýaralanandygy barada habar berildi.

Malikiniň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, söweşijiler 9-njy iýunda hüjümlerini güýçlendireli bäri ýüzlerçe esger wepat bolupdyr.

BMG Yrakda wepat bolanlaryň sanynyň 1000 adamdan aşandygyny we olaryň aglaba böleginiň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG