Sepleriň elýeterliligi

"Maýyplyga çykmak üçin para soraýarlar"


Türkmenistandaky mümkinçiligi çäklendirilen zenanlardan biri.

Türkmenistandaky mümkinçiligi çäklendirilen zenanlardan biri.

Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçmegi bilen maýyplaryň, ýagny mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine has köp üns berlip başlanandygy, olaryň maýyplyk pensiýalarynyň ýokarlandyrylandygy aýdylýar.

Emma käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, ýurtda maýyplyk derejesini almakda mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryň kynçylyklar bilen, şol sanda para-peşgeş bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary aýdylýar.

Şeýle ildeşlerimizden biri hem Mary welaýatyndan öý hojalykçy zenan Hurma. Ol dört gezek agyr operasiýany başdan geçirenden soň, özüniň işe ukypsyzdygyna garamazdan, ikinji topar boýunça maýyplyk derejesiniň berilendigini aýdýar. Ol birinji derejeli maýyplygy almakda özüniň dürli bökdençlikler bilen, şol sanda para-peşgeş bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandygyny belleýär.

Mary welaýatyndan 50 ýaşly öý hojalykçy zenan Hurma ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG