Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Parlamentiň maslahaty geçirildi


Yragyň täze parlamenti 1-nji iýulda birinji maslahatyny geçirdi, şol bir wagtda-da hökümet güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Tikrit şäherini sünni söweşijileriniň elinden almak üçin basyşlaryny güýçlendirýärler.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri şu aýyň başynda Yragyň demirgazyk we günbatar böleklerinde uly giňişlikleri ele salyp, Tikrit şäherini hem basyp alypdy.

Yrakda parlamentiň täze ýolbaşçysynyň, ýurduň hökümet we döwlet baştutanlarynyň saýlanmagyna garaşylýar.

Ýurduň häzirki premýer-ministri Nuri al-Maliki bu wezipede üçünji möhlete dalaş etmäge isleg bildirdi. Şol bir wagtda-da, Maliki ýurtda mezhep dartgynlylygyny döretmekde aýyplanýar. Tankytçylar munuň ýurtdaky krizise getirendigini aýdýarlar.

30-njy iýunda ABŞ-nyň prezidenti Baraka Obamanyň aýtmagyna görä, Waşington Bagdatda amerikanlary we ABŞ-nyň ilçihanasyny goramak üçin Yraga 300-den gowrak amerikan harbysyny iberipdir.

XS
SM
MD
LG