Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Çäresiz Medeniýet öýi


Etrap medeniýet öýleri dynç gününden başga ähli günler irden sagat 9-00 dan agşam sagat 18-0-a çenli açyk bolýar. Mälim bolşuna görä, medeniýet öýleri tutuş Türkmenistan boýunça uly şäherler bilen bir hatarda, ähli etraplarda, hatda käbir obalarda-da bar. Olaryň aglabasy SSSR-den galan köne jaýlarda ýerleşýär. Ol medeniýet öýleri köplenç hiç hili işsiz boş durýar. Muňa garamazdan soňky ýyllarda medeniýet öýleriniň täze binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň şäher tipli posýoloklarynyň ählisinde planlaşdyrylýar. Şeýlelikde käbir etrap merkezlerinde täze medeniýet öýleri gurlup ulanmaga berlen bolsa, käbirlerinde geljekde gurulmak göz öňünde tutulýar.Bu medeniýet öýleriniň öňkiler bilen deňeşdirlende näme bilen tapawutlanjagy hakda hiç hili resmi maglumat ýok. Wideoda Galkynyş etrabynyň medeniýet öýi görkzilýär.

XS
SM
MD
LG