Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa: Burka gadagançylygy goldandy


Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Fransiýanyň aýallaryň burka bürenjegini geýmegine girizen gadagançylygyny goldady.

Strasburg sudunyň 1-nji iýulda çykaran karary fransiýaly zenanyň 2011-nji ýylda Fransiýada girizilen gadagançylygyň özüni kemsidýändigi we dini azatlygyny depeleýändigi barada eden ýüzlenmesini ret etdi.

Ýewropada iň köp sanly musulman ilatly Fransiýada ýaşaýan 24 ýaşly zenan ýurtda negatiw reaksiýadan heder edip, öz adynyň mälim edilmezligini sorady.

Fransiýada köpçülikleýin ýerlerde burka musulman bürenjegini geýýän zenanlar 150 ýewro möçberde jerime sezewar edilip bilýärler.

Belgiýa we Şweýsariýanyň käbir böleklerinde Fransiýanyň tejribesine eýerip, köpçülikleýin ýerlerde burka geýilmegine gadagançylyk girizildi. Şeýle gadagançylygy girizmek meselesine Italiýanyň käbir böleklerinde we Gollandiýada hem garalýar.

XS
SM
MD
LG