Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Awaza: Halkara sport ýaryşy geçirilýär


Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahat zonasynda windserfing boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyry geçirilýär. 1-6-njy iýul aralygynda boljak bäsdeşlikler “Ýelken” ýahta klubynda geçirilýär.

Şu ýylyň maý aýynda Ispaniýada başlanyp, 15 ýurdy öz içine alýan windserfing boýunça dünýä kubogy ugrundaky bu halkara ýaryşy Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Awazadaky ýaryşa dünýäniň 22 ýurdundan 80 çemesi sportsmen, şol sanda ilkinji gezek türkmen sportsmenleri hem gatnaşýarlar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti Awazada halkara sport çäresiniň geçirilmeginiň ýurdy ýer şarynyň sport durmuşynyň merkezi hökmünde has ýokary derejä galdyrýandygyny belläp, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziada oýulary üçin tejribe taýdan ähmiýetini nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG